Kofe gerekmi? Ony ýöne göz öňüne getiriň — Hytaýly alymlaryň işläp düzmeleri


Şanhaýda geçen 2023-nji ýylyň emeli intellekt boýunça Bütindünýä maslahatynda Fudan Uniwersitetiniň alymlary emeli intellektli roboty görkezdiler, ol adamlara diňe ony göz öňüne getirmek arkaly kofe sargyt etmäge mümkinçilik berýär. Bu barada China daily habar berýär.
Sýao Fu atly robot beýniniň işjeňligini hasaba alýan ýörite gurluşyň kömegi bilen «pikiri okap» bilýär. Ol şeýle hem gepleşiklere esaslanan MOSS dil modelini ulanyp, ses buýruklaryny işlemäge, kofe gaýnatmaga we ony müşderilere eltip bermäge ukyplydyr.
«Hyzmat ediji robotlaryň dürli mümkinçilikleriniň intellektual programmalaşdyrylmagy sebäpli biz adamlary, maşynlary we desgalary birleşdirýän täze intellektual ssenarileri amala aşyryp bilýäris» – diýip, Fudan Uniwersitetiniň kompýuter ylymlary Mekdebiniň işgäri Pen Sin aýtdy.
Bu ýyl emeli intellekt boýunça Bütindünýä maslahaty oňa gatnaşyjylaryň sany we sergi zolagynyň ölçegleri boýunça ähli rekordlary geçdi.
Myhmanlara dronlaryň täze nesliniň ilkinji görkezilişi, intellektual terminallar, goşundylaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalar görkezildi.
ORIENT habarlar








