Arkadag we Astrahan şäherleriniň arasynda talyplaryň ikitaraplaýyn tejribeligi gurnalyp bilner


Astrahan oblastynyň hökümetiniň başlygynyň orunbasary Denis Afanasýew Arkadag we Astrahan şäherleriniň meýdançalarynda ikitaraplaýyn tejribelikleriň we goşmaça hünär maksatnamalarynyň gurnalmagynyň mümkindigi barada beýan etdi- diýip, «Голос СНГ» habar berýär.
«Sebitde Türkmenistandan müňden gowrak talyp, şol sanda tehniki we informasion ugurlar boýunça bilim alýarlar. Astrahanyň ýokary okuw jaýlary «akylly» şäher Arkadagyň çylşyrymly infrastrukturasy bilen özara täsire girmäge we oňa mundan beýläk hyzmat etmäge taýýar hünärmenleri taýýarlamakda ýeterlik tejribä eýedir» — diýip, Türkmenistan bilen sebidiň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, başlygyň orunbasary belledi.
Mundan başga-da, Astrahanyň port zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek we Türkmenbaşynyň deňiz porty bilen Astrahan oblastynyň portynyň arasynda gämi gatnawyna badalga bermek boýunça ýerine ýetirilýän taslama uly ähmiýete eýedir.
Senagat temasyna degip geçmek bilen, hususanda, gämi gurluşygyna, Afanasýew oblastyň gämi gurluşykçylarynyň türkmen gämi gurluşykçylary bilen hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny nygtady.
«Syýahatçylyk pudagyndaky taslamalar ikitaraplaýyn gyzyklanma döredýär. Mundan başga-da, Astrahan ynsanperwerlik babatynda Türkmenistandan bolan hyzmatdaşlar bilen ýakyndan özara gatnaşyk edýär» — diýip, Astrahanyň hökümetiniň agzasy sözüni jemledi.
ORIENT news








