TDHÇB-daky söwdalaşyklar: jemi bahasy $11 mln-dan gowrak 7 geleşik baglaşyldy


Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjy (her tonnasynyň bahasy - $585), SN-180 kysymly (her tonnasynyň bahasy - $751) we SN-350 kysymly esasy ýaglar (her tonnasynyň bahasy - $795), yşyklandyryş kerosin (her tonnasynyň bahasy - $564,50), tekizlenip boýalan we žakkard tüýjümek önümler (her kg-nyň bahasy - $4,60), ýorgan-düşek daşlyklaryň dürli toplumlary (her toplumyň bahasy $6,50-den $11,50-e çenli) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklaryň barşynda şenbe güni, 8-nji iýulda islege eýe boldylar.
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» DK bilen dizel ýangyjynyň 2 müň tonnasyny $1,1 mln-a, şeýle hem esasy ýaglaryň dürli görnüşleriniň 5,5 müň tonnasyny $4,2 mln-a satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Wirgin adalaryndan we Owganystandan gelen işewürler «Türkmennebit» DK bilen yşyklandyryş kerosiniň 10 müň tonnasyny $5,6 mln-a satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
BAE-den gelen kompaniýa türkmen hususy kärhanasyndan tüýjümek önümleriň 22 müň kg-ny $101,2 müňe satyn aldy.
Hytaýdan gelen telekeçi türkmen hususy kärhanasyndan ýorgan-düşek daşlyklaryň dürli toplumlarynyň 14,1 müňüsini $118,6 müňe satyn aldy.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy $11,2 mln-a deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.
ORIENT habarlar








