Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň ynsanperwer kömeklerini indi robotlar daşar

Iýul 10, 2023 | 12:38 |7031
Geljek ýyldan başlap, Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer ýüklerini dawa-jenjeliň we tebigy betbagtçylygyň bolan ýerlerine emeli intellekti bolan robotlar elter. Bu barada BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasynda mälim edildi.Geljek ýyldan başlap, Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer ýüklerini dawa-jenjeliň we tebigy betbagtçylygyň bolan ýerlerine emeli intellekti bolan robotlar elter. Bu barada BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasynda mälim edildi.
Çeşme: twitter.com

Geljek ýyldan başlap, Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer ýüklerini dawa-jenjeliň we tebigy betbagtçylygyň bolan ýerlerine emeli intellekti bolan robotlar elter. Bu barada BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasynda mälim edildi.

Emeli intellekt ornaşdyrylan robot ýük awtoulaglary birwagtda ynsanperwer ýüküň 2 tonnasyna çenli daşap bilerler. Häzirki wagtda şeýle awtoulaglaryň 50-ä golaýy Günorta Sudan döwletinde ulanylýar. Häzirki wagtda operatorlar tarapyndan dolandyrylýan bu ulaglary sürüjisiz esasda ýükleri daşamagyny gazanmak göz öňünde tutulýar.

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň wekili Bernhard kowaçyň mälim etmegine görä, bu ulgamyň ornaşdyrylmagy sürüjilere we işgärlere salýan howp bilen baglanyşyklydyr. Bu başlangyç “AHEAD” (Autonomous Humanitarian Emergency Aid Devices) taslamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

23:05 Awgust 10, 2026
Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

21:30 Awgust 10, 2026
Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

20:00 Awgust 10, 2026