HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň institutlary we torlary bilen aragatnaşygyny giňelder

Iýul 07, 2023 | 23:44 |5328
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň birnäçe institutyna we toruna goşular. BMG-niň
Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy
giňeltmek üçin ýurdumyz onuň halkara maksatnamalaryna we ýöriteleşdirilen
bölümleriniň işine gatnaşmagyny işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär.Türkmenistan ÝUNESKO-nyň birnäçe institutyna we toruna goşular. BMG-niň
Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy
giňeltmek üçin ýurdumyz onuň halkara maksatnamalaryna we ýöriteleşdirilen
bölümleriniň işine gatnaşmagyny işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär.
Çeşme: AP Photo

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň birnäçe institutyna we toruna goşular. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ýurdumyz onuň halkara maksatnamalaryna we ýöriteleşdirilen bölümleriniň işine gatnaşmagyny işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär.

Bu mesele boýunça teklipleri wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýtdy.

Hususan-da, ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyny ÝUNESKO-nyň Global Ýaşlar ulgamyna birikdirmek, türkmen ylmy merkezlerini maddy we maddy däl medeni miras, daşky gurşaw, arheologiýa, taryh, etnografiýa, ýazuw we dil edebiýaty, jemgyýetçilik ylymlary ýaly ugurlary öz içine alýan Merkezi Aziýa barlaglary halkara institutynyň taslamalaryna çekmek barada aýtdy.

1.jpg

Şeýle hem, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary institutynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyny düzmek teklip edilýär.

Geljek 2024-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýakyn wagtda göz öňünde tutulýan bilelikdäki taslamalar we çäreler, şol sanda ýubileý maslahaty iýun aýynda ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky we Eýrandaky wekili Golda El Huriniň Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda geçirilen söhbetdeşlikde ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026