HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Saýgaklaryň çozuşy: Gazagystanyň günbatarynda saýgak sürüleri ekin meýdanlaryny depeleýär we ot-iýmlik ösümlikleri ýok edýär

Iýul 03, 2023 | 23:33 |11480
Gazagystanyň günbatarynda ekerançylar ot-iýmlik üçin ösümlikleri saýgaklaryň
depelemeginden goramak maksady bilen ekin meýdanlarynda ýatyp-turýarlar.
Haýwanlaryň ekini we öri meýdanlaryny zaýalaýandygy barada “Habar 24”
teleýaýlymy habar berýär.Gazagystanyň günbatarynda ekerançylar ot-iýmlik üçin ösümlikleri saýgaklaryň
depelemeginden goramak maksady bilen ekin meýdanlarynda ýatyp-turýarlar.
Haýwanlaryň ekini we öri meýdanlaryny zaýalaýandygy barada “Habar 24”
teleýaýlymy habar berýär.
Çeşme: Mir24

Gazagystanyň günbatarynda ekerançylar ot-iýmlik üçin ösümlikleri saýgaklaryň depelemeginden goramak maksady bilen ekin meýdanlarynda ýatyp-turýarlar. Haýwanlaryň ekini we öri meýdanlaryny zaýalaýandygy barada “Habar 24” teleýaýlymy habar berýär.

9 ýyl mundan ozal ýitmek howpy astynda bolan saýgaklary atmak gadagan edildi. Şol wagt olaryň baş sany 250 müňden gowrakdy. Şonuň üçin ýurtda olaryň awlanmagy üçin berilýän jeza has-da berkidildi. Netijede, soňky gezek geçirilen sanaw goşatoýnaklylaryň baş sanynyň iki milliondan-da geçendigini görkezdi.

Geljek ýyl olaryň sanynyň 3,5-4 milliona ýetmegine garaşylýar. Daýhanlara ekin hasylyny ýitirmek howpy abanýar. Ekologiýa ministrliginde saýgaklaryň sanyny atyw arkaly kadalaşdyrmak kararyna gelindi. Gazagystanyň günbatarynda olaryň 90 müňüni ýok etmegi meýilleşdiripdiler. Emma, bu pikire daşky gurşaw aktiwistleri garşy çykdylar, hökümet tarapyndan bu mesele, daýhanlaryň ýitgisiniň öwezini tölemek meselesi deýin, henizem açyklygyna galýar.

“Biz komitetimiziň ýöriteleşdirilen guramasy bolan ygtyýarly edaranyň güýçleri tarapyndan san kadalaşdyrylmasyny teklip edýäris. Bizde ozal haýwanlaryň bu görnüşini goramak wezipesi bilen meşgullanan “Ohotzooprom” edaramyz bar” - diýip, Gazagystanyň Ekologiýa, geologiýa we tebigy baýlyklar ministrliginiň Tokaý hojalygy we haýwanat dünýäsi komitetiniň başlygy Nurlan Kylyşbaew aýtdy.

Häzirki wagtda ýörite düzülen topar obalary aýlanyp, daýhanlaryň ýitgilerini hasaplaýar. Häzirlikçe olar diňe iýmlik-ot ösümliklerine degişlidir. Gyssagly çäreler görülmese, sebitlere bugdaý hasylynyň ýitgisi garaşýar – diýlip, habarda bellenilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026
«Biznes gije näme satyn alýar: ALSAT-dan 5 garaşylmadyk fakt»

«Biznes gije näme satyn alýar: ALSAT-dan 5 garaşylmadyk fakt»

20:08 Sentýabr 16, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

06:05 Sentýabr 16, 2026