HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň, Kataryň we Türkmenistanyň gatnaşmagyndaky gaz merkezi boýunça gepleşiklere Eýran oňyn baha berdi

Iýul 06, 2023 | 00:41 |7136
Yslam Respublikasynda gaz merkezini döretmek boýunça Russiýa bilen geçirilen
gepleşiklere Eýran gowy baha berýär. Bu barada OPEK-iň sekizinji halkara
seminarynyň çäginde Eýranyň nebit ministri Jawad Ouji žurnalistlere aýtdy.Yslam Respublikasynda gaz merkezini döretmek boýunça Russiýa bilen geçirilen
gepleşiklere Eýran gowy baha berýär. Bu barada OPEK-iň sekizinji halkara
seminarynyň çäginde Eýranyň nebit ministri Jawad Ouji žurnalistlere aýtdy.
Çeşme: financialtribune.com

Yslam Respublikasynda gaz merkezini döretmek boýunça Russiýa bilen geçirilen gepleşiklere Eýran gowy baha berýär. Bu barada OPEK-iň sekizinji halkara seminarynyň çäginde Eýranyň nebit ministri Jawad Ouji žurnalistlere aýtdy.

«Biz Eýranda gaz merkezi boýunça Russiýa bilen gaty gowy gepleşikler geçirýäris» diýip, ol gepleşikleriň iki aý mundan öň başlandygyny belländigini TASS habar gullugy habar berýär.

Ouji, Eýranyň merkezi döretmek üçin uly gaz gorlarynyň we infrastrukturasynyň bardygyny aýtdy. «Gaz gorlary boýunça - Katar, Türkmenistan ýaly goňşularymyzyňam uly mümkinçilikleri bar. Bu faktorlar Eýrany sebitdäki gaz merkezine öwürmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär»,-diýip ministr nygtady.

Ol Eýranyň dürli ýurtlar bilen üstünlikli gepleşik geçirýändigini belledi.

Ozal Ouji Russiýanyň, Kataryň we Türkmenistanyň gatnaşmagynda Eýranyň, Pars aýlagynyň demirgazyk kenaryndaky Buşehr welaýatynda ýerleşýän Assaluýe senagat sebitinde gaz merkezini döretmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

OPEK-iň 8-nji halkara seminary 5-6-njy iýulda Wenadaky Hofburg köşgünde geçirilýär. Oňa OPEK ýurtlarynyň ministrleri we beýleki nebit öndürijiler, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we dünýäniň iň uly energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşýar. Çäräniň esasy mowzugy «Durnukly we inklýuziw energetika geçiş ýolunda» bolup durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

23:30 Sentýabr 24, 2026
Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

23:00 Sentýabr 24, 2026
Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

22:00 Sentýabr 24, 2026