Türkmenistanda Tunis Respublikasynyň ilçisi işe başlady


Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tarak Ben Salem sişenbe güni Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatlaryny gowşurdy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisiň Başlygy ilçini Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň bähbidine giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Şeýle hem diplomat ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler, Mejlisiň düzümi we alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Taraplar parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap geçdiler.
Tarak Ben Salem hem öz gezeginde Tunisiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.
ORIENT news








