TDHÇB-daky söwdalaşyklar: polipropilen we pagtadan alnan önümler islege eýe boldy


TPP D 30 S kysymly polipropilen (her tonnasynyň bahasy - 25,5 müň ТМТ), nah ýüplügi (her kg-nyň bahasy - $2,10), flanel mata (her inedördül metriniň bahasy - $0,27) we agardylan pagta süýümi (her kg-nyň bahasy - $1,70) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda penşenbe güni, 6-njy iýulda islege eýe boldy.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler «Türkmennebit» DK bilen polipropileniň 250 tonnasyny 6,3 mln ТМТ satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkiýeden gelen işewür Türkmenistanyň tekstil senagaty Ministrliginden nah ýüplüginiň 468,5 müň kg-ny $983,9 müňe satyn aldy.
Gyrgyzstanyň işewür toparlarynyň wekili türkmen hususy kärhanasy bilen flanel matanyň 220 müň inedördül metrini $59,4 müňe satyn almak barada geleşik baglaşdy.
BAE-den gelen kompaniýa Türkmenistandan hususy kärhana bilen agardylan pagta süýüminiň 43 müň kg-ny $73,1 müňe satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy $1,1 mln-a we 6,3 mln TMT deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.
ORIENT habarlar








