HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen alymy tebigy gaz galyndysyndan beton öndürmegiň usulyny oýlap tapdy

Iýul 07, 2023 | 10:11 |5167
Tebigy gaz senagat taýdan işlenilende, ondaky kükürt aýrylyp, soňra sarp edijilere ugradylýar. Ýurdumyzyň iň kuwwatly ýangyç-energetika toplumynda tebigy gazyň senagat taýdan işlenilmegi netijesinde, ondan galýan galyndy bolan kükürdi indi beton öndürmekde hem ulanyp bolar.Tebigy gaz senagat taýdan işlenilende, ondaky kükürt aýrylyp, soňra sarp edijilere ugradylýar. Ýurdumyzyň iň kuwwatly ýangyç-energetika toplumynda tebigy gazyň senagat taýdan işlenilmegi netijesinde, ondan galýan galyndy bolan kükürdi indi beton öndürmekde hem ulanyp bolar.
Çeşme: awtordan

Tebigy gaz senagat taýdan işlenilende, ondaky kükürt aýrylyp, soňra sarp edijilere ugradylýar. Ýurdumyzyň iň kuwwatly ýangyç-energetika toplumynda tebigy gazyň senagat taýdan işlenilmegi netijesinde, ondan galýan galyndy bolan kükürdi indi beton öndürmekde hem ulanyp bolar. Bu boýunça degişli usullary tehniki ylymlaryň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýew öňe sürýär.

Onuň öňe sürýän ylmy teklipleri nebit we gaz serişdeleri senagat taýdan işlenilende bölünip aýrylýan kükürdi önümçilikde ulanmaga, onda-da häzirki wagtda depginli ösdürilýän gurluşyk pudagynyň bähbidine ulanmaga ýardam eder.

Alymyň öňe sürýän täze önümçilik teklibine görä, kükürt degişli garyndylar goşulan ýörite önümçilik düzüminde goýulýar. Bu düzüm beton garyndysyny garmaga, bişirmäge we degişli göwrümi emele getirmäge ýöriteleşdirilen bolmaly. Kükürt goşulan garyndy ýokary temperaturada gyzdyrylýar. Soňra oňa piroliz serişdeleri goşulyp reaktorda ýokary tizlikde garylýar. Kwars çägesi we çagyl goşulan garyndydan degişli beton göwrümi emele getirilýär. Täze önüm 1 gije-gündizde taýýar bolýar. Täze görnüşli beton adaty alynýan betondan hil babatda birjikde tapawutlanmaýar.

Alymyň bellemegine görä, nebitgaz senagatynyň köp möçberde galýan kükürt galyndysy Türkmenistanyň toprak howa şertlerine çydamly ýol-ulag düzümini emele getirmekde hem peýdalanylyp bilner.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026