Baku şäherinde Goşulmazlyk hereketiniň Utgaşdyryjy býurosynyň mejlisi geçirilýär


5-6-njy iýulda Bakuda Goşulmazlyk hereketiniň Utgaşdyryjy býurosynyň ministrleriniň mejlisi geçirilýär. Iki günlük duşuşygyň esasy mowzugy –"Goşulmazlyk hereketi: geljekdäki kynçylyklara garşy durmakda bitewilik we sarsmazlyk".
Çarşenbe güni duşuşykda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Alyýew çykyş etdi. BMG-niň Baş sekretary António Guterriş Goşulmazlyk hereketiniň Utgaşdyryjy býurosynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenme ugratdy, onda "köptaraplaýyn çemeleşmäniň hiç wagt häzirki ýaly möhüm bolmandygy" nygtalýar.
Bu çärede jemleýji resminamalary, şol sanda Baku jarnamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär.
Goşulmazlyk hereketi guramasyna 120 agza döwlet, 18 synçy döwlet we 10 halkara guramasy girýär.
Azerbaýjan 2019-njy ýyldan bäri Goşulmazlyk hereketine başlyklyk edýär. 2019- njy ýylda respublika Hereket sammitini üstünlikli kabul etdi.
ORIENT news








