HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Bolşaýa Aziýa” teleýaýlymynyň millionlarça tomaşaçysy Türkmenistan hakda filmlere tomaşa eder

Iýul 05, 2023 | 22:30 |7007
"Bolşaýa Aziýa" (Uly Aziýa) teleýaýlymy Türkmenistan hakda filmleri
görkezer. Millionlarça tomaşaçy Türkmenistanyň baý taryhy,
medeniýeti, däp-dessurlary, ägirt uly ykdysady üstünlikleri we syýasy
sepgitleri barada gürrüň berýän telewizion žurnallaryna tomaşa edip
biler – diýip SNG.FM habar berýär."Bolşaýa Aziýa" (Uly Aziýa) teleýaýlymy Türkmenistan hakda filmleri
görkezer. Millionlarça tomaşaçy Türkmenistanyň baý taryhy,
medeniýeti, däp-dessurlary, ägirt uly ykdysady üstünlikleri we syýasy
sepgitleri barada gürrüň berýän telewizion žurnallaryna tomaşa edip
biler – diýip SNG.FM habar berýär.
Çeşme: SNG.FM

"Bolşaýa Aziýa" (Uly Aziýa) teleýaýlymy Türkmenistan hakda filmleri görkezer. Millionlarça tomaşaçy Türkmenistanyň baý taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, ägirt uly ykdysady üstünlikleri we syýasy sepgitleri barada gürrüň berýän telewizion žurnallaryna tomaşa edip biler – diýip SNG.FM habar berýär.

Teleýaýlym aýda iki gezek Türkmenistan baradaky 52 minutlyk gepleşikleri ýaýlyma berer. Mediýa taslamasy “Bolşaýa Aziýa” teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Telewideniýe we radiogepleşikler baradaky döwlet komitetiniň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk hakynda şertnamanyň çäginde ýola goýlar.

“Biziň KHBS-miziň işi gowy maglumatlary bermek, habarlar bilen üpjün etmek we durmuşa, ýaşaýşa bolan gyzyklanmasyny artdyrmak maksady bilen gönüden göni adama gönükdirilendir. Biz, ine, şu ugur boýunça bilelikde işlemek, döretmek barada türkmen kärdeşlerimiz bilen ylalaşyga geldik. Bu taslama Russiýany-da, Türkmenistany hem öz içine alar" – diýip, meşhur teleýaýlymyň baş direktory Aleksandr Lebedew aýtdy.

“Bolşaýa Aziýa” teleýaýlymy – giň tomaşaçylar köpçüligi üçin niýetlenen maglumat ýaýlymydyr. Kanalyň ýaýlyma berýän gepleşikleri dürli žanrlardan ybarat, olar habarlar, aktual söhbetdeşlik, dokumental we çeper filmler, Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Aziýa böleginiň sebitleriniň taryhy, medeniýeti, tebigaty we durmuşy baradaky gepleşiklerdir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026