HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Meta Twittere göni bäsdeş boljak täze hyzmata badalga berýär

Iýul 05, 2023 | 11:25 |6551
Mark Sukerbergiň Meta kompaniýasy Instagram-yň esasynda  Threads atly täze platforma badalga berer, ol Ilon Maskyň Twitterine göni bäsdeş bolar- diýip, BBC ýazýar.Mark Sukerbergiň Meta kompaniýasy Instagram-yň esasynda  Threads atly täze platforma badalga berer, ol Ilon Maskyň Twitterine göni bäsdeş bolar- diýip, BBC ýazýar.
Çeşme: Meta

Mark Sukerbergiň Meta kompaniýasy Instagram-yň esasynda Threads atly täze platforma badalga berer, ol Ilon Maskyň Twitterine göni bäsdeş bolar- diýip, BBC ýazýar.

Häzirki wagtda Threads Apple App Store-da deslapky sargyt üçin elýeterdir, ýöne ony diňe penşeneden soňra ýükläp alyp bolar. Platforma «adamlaryň hemme zady: ýagny bu gün olary aladalandyrýan zatlardan başlap ertir nämäniň meşhur boljakdygyna çenli hemme zady ara alyp maslahatlaşmak üçin» ýygnanýan ýeri bolar — diýlip, hyzmatyň beýanynda aýdylýar.

Bar bolan maglumatlara laýyklykda, Threads gysga tekst habarlaryny neşir etmäge mümkinçilik berer, beýleki ulanyjylar bolsa olary «laýklap», dostlaryna ugradyp bilerler. Twitter hem şuňa meňzeş funksiýalara eýedir.

Käbir ýurtlarda uly meşhurlyga garamazdan, Twitter soňky wagtda mikrobloglaryň hyzmatyny satyn alan milliarder Ilon Maskyň täze girizen kadalary sebäpli ulanyjylaryny tiz ýitirip başlady. Mysal üçin, geçen hepde işewür tölegsiz hasaby bolan ulanyjylaryň görüp biljek twitleriniň sanyny çäklendirdi.

Metanyň Twittere öz jogabyny kompaniýalaryň ýolbaşçylary Mark Sukerbergiň we Ilon Maskyň kapasada hakyky söweşi geçirjekdikleri baradaky habarlaryň fonunda berjekdigini bellemelidiris. Jemgyýetçilik hat alyşmanyň çäklerinde milliarderler Las-Wegasdaky ringde tutlyşyk geçirmegi şertleşdiler. Olaryň niýetiniň çynlakaýdygyny UFC-nyň prezidenti Deýna Uaýt tassyklady, ol işewürleriň ikisi bilen hem gürleşenmiş we olaryň ikiside tutlyşyga gatnaşmaga taýýardyklaryny habar beripdirler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026