HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nostalgiýa stilindäki kino simfoniýasy: Aşgabatda döwlet orkestriniň konserti geçiriler

Iýul 03, 2023 | 20:44 |10334
Şeýle konsertleri tomaşaçylar rahatlyk we ruhy dynç alyş agşamy hökmünde kabul edýärler. Dirižýor Rasul Gylyjowyň çeper ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary öz muşdaklary üçin ajaýyp konsert maksatnamasyny - sowet we türkmen kompozitorlarynyň SSSR döwrüniň naýbaşy filmleri üçin ýazylan simfoniki kompozisiýalaryny, aýdymlaryny taýýadylar.Şeýle konsertleri tomaşaçylar rahatlyk we ruhy dynç alyş agşamy hökmünde kabul edýärler. Dirižýor Rasul Gylyjowyň çeper ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary öz muşdaklary üçin ajaýyp konsert maksatnamasyny - sowet we türkmen kompozitorlarynyň SSSR döwrüniň naýbaşy filmleri üçin ýazylan simfoniki kompozisiýalaryny, aýdymlaryny taýýadylar.
Çeşme: Rasul Gylyjow

Şeýle konsertleri tomaşaçylar rahatlyk we ruhy dynç alyş agşamy hökmünde kabul edýärler. Dirižýor Rasul Gylyjowyň çeper ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary öz muşdaklary üçin ajaýyp konsert maksatnamasyny - sowet we türkmen kompozitorlarynyň SSSR döwrüniň naýbaşy filmleri üçin ýazylan simfoniki kompozisiýalaryny, aýdymlaryny taýýadylar.

Konsert maksatnamasynyň her bir saz eseri ozalky sowet giňişliginde we daşary ýurtlarda millionlarça adama tanyş bolan uly kino ýyl ýazgysynyň bir bölegidir. Orkestriň ussat sungat işgärleriniň ajaýyp çykyşy tomaşaçylary kapitan Grantyň kakasynyň gözlegine çykan çagalarynyň başdan geçirmelerine we “Sibirskiý sirýulnik” filminde gürrüň berilýän söýgi we beýleki wakalaryň bolup geçen Russiýada ak patyşanyň hökümdarlyk eden döwrüne aralaşdyrar.

Nusgawy saz gurallarynyň tolgundyryjy owazyna tomaşaçylar “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň we sowet döwrüniň köpçüligiň söýgüsini gazanan “Karnawal”, “Swoý sredi çužih, çužoý sredi swoih”, “Gelin”, “Jemalyň daragty” ýaly köpsanly filmleriniň ýatdan çykmajak pursatlaryna hyýaly syýahat ederler.

– Kino saz žanry kino sungaty döräli bäri ösýär we özgerýär. Film döredilende režissýorlar kompozitorlar bilen ýakyndan işleşýärler, ses materialyny saýlamaga aýratyn üns berilýär, sebäbi saz adamyň duýgularyna täsir etmekde iň güýçli serişdeleriň biri hasaplanýar we eseriň esasy mowzugyny we gahrymanlarynyň şekilini açyp görkezmekde möhüm orna eýedir – diýip, Rasul Gylyjow ORIENT-e gürrüň berdi.

– Filmler köp babatda sazyň kömegi bilen uzak wagtlap ýadymyzda galýar. Täze konsert programmasynda meşhur sowet filmleriniň iň söýgüli we iň owadan kompozisiýalary hem-de aýdymlary ýaňlanar. Bu saz eserleri diňleýjileri geçen döwrüň ýatlamalar ummanyna gark eder we olaryň kalplarynda ýakymly duýgulary oýarar – diýip, maestro aýtdy.

Şu günler orkestriň soňky taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Konsert 9-njy iýulda paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde geçiriler. Başlanýan wagty: 18:00. Biletleri sargyt etmek üçin telefonlar: 223898, +99363467177, +99364037456.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ Wenesuelanyň 65 milliard barrelden gowrak nebitine gözegçilik etmäge başlandygyny yglan etdi

ABŞ Wenesuelanyň 65 milliard barrelden gowrak nebitine gözegçilik etmäge başlandygyny yglan etdi

22:00 Awgust 31, 2026
Astana şäherinde al-Farabi we Konfusiýa bagyşlanan «Beýik akyldarlaryň dialogy» atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy tanyşdyryldy

Astana şäherinde al-Farabi we Konfusiýa bagyşlanan «Beýik akyldarlaryň dialogy» atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy tanyşdyryldy

20:00 Awgust 31, 2026
Islandiýalylar referendumda Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza bolmak baradaky gepleşikleri täzeden başlatmaga garşy ses berdiler

Islandiýalylar referendumda Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza bolmak baradaky gepleşikleri täzeden başlatmaga garşy ses berdiler

18:00 Awgust 31, 2026