HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly ýaş artistler Moskwada geçiriljek çagalar medeni forumyna gatnaşarlar

Iýul 04, 2023 | 00:03 |6776
Moskwada, 10-12-nji awgust aralygynda II Halkara çagalar medeni
forumy geçiriler. Festiwal döredijilikli zehinli çagalara goldaw bermek,
täsin gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek hem-de olary medeniýet
pudagyndaky dünýä üstünlikleri bilen tanyşdyrmak üçin niýetlenendir.Moskwada, 10-12-nji awgust aralygynda II Halkara çagalar medeni
forumy geçiriler. Festiwal döredijilikli zehinli çagalara goldaw bermek,
täsin gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek hem-de olary medeniýet
pudagyndaky dünýä üstünlikleri bilen tanyşdyrmak üçin niýetlenendir.
Çeşme: GDA-nyň internet portaly

Moskwada, 10-12-nji awgust aralygynda II Halkara çagalar medeni forumy geçiriler. Festiwal döredijilikli zehinli çagalara goldaw bermek, täsin gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek hem-de olary medeniýet pudagyndaky dünýä üstünlikleri bilen tanyşdyrmak üçin niýetlenendir.

Ýaş artistler üçin öňdebaryjy medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik işgärleri bilen gepleşikler üçin şertler dörediler. Gatnaşjaklaryň Abhaziýadan, Belarusiýadan, Günorta Osetiýadan, Serbiýadan, Türkmenistandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Müsürden we beýleki ýurtlardan 12 ýaşdan 17 ýaşa çenli çagalaryň bolmagyna garaşylýar diýip, TASS habar berýär.

«Bizde halkara gatnaşyk meýilleşdirilýär. Geçen ýyl takmynan 2,5 müň çaga bardy, bu ýyl has gyzykly maksatnama bolmagyna garaşýarys»,- diýip, Sankt-Peterburgyň halkara ykdysady forumynda çykyş eden döwlet sekretary - Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nadezda Prepodobnaýa aýtdy.

Ilkinji gezek Halkara çagalar medeni forumy 2022-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Moskwada geçirildi. Guramaçy, Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrligi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026