HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan ŞHG-niň ykdysady taslamalaryna gatnaşmaga taýýar

Iýul 04, 2023 | 18:10 |9875
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady taslamalaryna gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady taslamalaryna gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.
Çeşme: belta.by

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady taslamalaryna gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi. Bu barada mir24.tv teleýaýlymy Türkmenistanyň Prezidentiniň gurama agza döwletleriň Baştutanlaryň Geňeşiniň mejlisinde wideoaragatnaşyk arkaly eden çykyşyna salgylanyp habar berýär.

Bellenişine görä, resmi Aşgabat guramanyň çägindäki özara gatnaşyklary halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň wajyp bölegi hökmünde görýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ŞHG-niň ykdysady, maýa goýum, ulag we energetika başlangyçlaryna uly gyzyklanma bildirýär. Serdar Berdimuhamedowyň mälim etmegine görä, özara bähbitli uzak möhletleýin gatnaşyklara esaslanýan hyzmatdaşlyk üçin gowy mümkinçilikler bar.

ŞHG-niň döwlet Baştutanlarynyň sammiti şu gün – 4-nji iýulda gibrid görnüşinde Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň, Belarusyň, Hindistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Russiýanyň Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary gatnaşýarlar. Türkmenistan bu sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşýar.

Sammitiň netijelerine laýyklykda, Eýran bu guramanyň düzüminde 9-njy doly hukukly resmi agzasy hökmünde kabul edildi. Bu derejä Belarus Respublikasynyň hem dalaş edýändigini bellemelidiris.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitde abadançylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek, şeýle hem agza döwletleriň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen 2001-nji ýylda döredildi. Geçen 2022-nji ýylda gurama agza döwletler dünýäniň jemi içerki önüminiň dörtden birini, ýagny, 23 trillion dollarlygyny öndürdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
IBIA EXPO 2026: Stambulda düşek öndürmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalar we toplum bölekleri görkeziler

IBIA EXPO 2026: Stambulda düşek öndürmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalar we toplum bölekleri görkeziler

17:41 Iýul 10, 2026
Belarus bilen Özbegistan oba hojalygynda we dokma pudagynda täze bilelikdäki taslamalary işe girizdiler

Belarus bilen Özbegistan oba hojalygynda we dokma pudagynda täze bilelikdäki taslamalary işe girizdiler

16:40 Iýul 10, 2026
Türkmenistanyň DIM-nde ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns bilen gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň DIM-nde ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns bilen gepleşikler geçirildi

08:00 Iýul 10, 2026