HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hususy pudagyň dolandyryjylary Germaniýada tejribelik alyp bilerler

Iýul 04, 2023 | 15:12 |732
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2023-nji ýyldaky tapgyrynyň çäklerinde «Ýaşyl» ykdysadyýet (green economy) we «Akylly» oba hojalygy (smart farming) we azyk senagaty» toparlaryna gatnaşjak, döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgärleri seçip almak üçin söhbetdeşlik yglan edýär.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2023-nji ýyldaky tapgyrynyň çäklerinde «Ýaşyl» ykdysadyýet (green economy) we «Akylly» oba hojalygy (smart farming) we azyk senagaty» toparlaryna gatnaşjak, döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgärleri seçip almak üçin söhbetdeşlik yglan edýär.
Çeşme: pixabay.com

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2023-nji ýyldaky tapgyrynyň çäklerinde «Ýaşyl» ykdysadyýet (green economy) we «Akylly» oba hojalygy (smart farming) we azyk senagaty» toparlaryna gatnaşjak, döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgärleri seçip almak üçin söhbetdeşlik yglan edýär.

Söhbetdeşlige gatnaşmaga isleg bildirýänler şu ýylyň 28-nji iýulyna çenli zerur resminamalary ministrlige tabşyrmaly.

Türkmen hem-de nemes telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary taýýarlan dalaşgärlere şu ýylyň dowamynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we Germaniýa Federatiw Respublikasynda iki hepdelik tejribe geçmek mümkinçiligi döredilýär.

Söhbetdeşlikde «ýaşyl» ykdysadyýeti hem-de «akylly» oba hojalygyny we azyk senagatyny» ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn bähbitli taslamalara ähmiýet beriljekdir.

Dalaşgärler iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar: — ýokary bilimli bolmaly; — telekeçi ýuridik şahslaryň, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly; — azyndan 2 (iki) ýyl iş tejribesi bolmaly.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026