BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşi ilkinji gezek emeli intellekt boýunça mejlis geçirer


18-nji iýulda BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşi öz taryhynda ilkinji gezek emeli intellekt (EI) boýunça mejlis geçirer. Bu barada Beýik Britaniýanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Barbara Wudword ýurduň BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşine başlyklyk edip başlamagyna bagyşlanan brifingde habar berdi.
«Biziň başlyklyk etmegimiziň barşynda biz ilkinji gezek Howpsuzlyk Geňeşinde emeli intellekti ara alyp maslahatlaşarys. Biz emeli intellektiň biziň üçin getirýän uly mümkinçiliklerini, şeýle hem töwekgelçiliklerini dolandyrmakdaky köptaraplaýyn çemeleşmäni giňeltmek isleýäris» — diýip, ol aýtdy.
Mejlise Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasynyň baştutany Jeýms Klewerliniň başlyklyk etmegine garaşylýar. Şeýle hem BMG-nyň baş sekretary Antoniu Guterrişiň, emeli intellekt babatyndaky bilermenleruň çykyşlary meýilleşdirilendir.
ORIENT habarlar








