Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze neşir: Türkmen kompozitorlary barada - ýaş sazandalar üçin

Iýul 03, 2023 | 00:34 |16004
Ýakynda "Türkmen saz edebiýaty" atly kitap çapdan çykdy. Ol kompozitorlaryň döredijiligine bagyşlanyp, çagalar sazçylyk mekdepleri üçin niýetlenen we türkmen dilinde neşir edilen Türkmenistanda ilkinji okuw kitabydyr.Ýakynda "Türkmen saz edebiýaty" atly kitap çapdan çykdy. Ol kompozitorlaryň döredijiligine bagyşlanyp, çagalar sazçylyk mekdepleri üçin niýetlenen we türkmen dilinde neşir edilen Türkmenistanda ilkinji okuw kitabydyr.
Çeşme: awtor

Ýakynda "Türkmen saz edebiýaty" atly kitap çapdan çykdy. Ol kompozitorlaryň döredijiligine bagyşlanyp, çagalar sazçylyk mekdepleri üçin niýetlenen we türkmen dilinde neşir edilen Türkmenistanda ilkinji okuw kitabydyr.

Kitabyň awtorlary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Saz taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Tatýana Litwina we Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň müdiri Meýlis Çaryýew.

1.jpg

Okuw kitabynda Türkmenistanyň professional saz medeniýetiniň döreýiş we ösüş taryhy açyp görkezilýär. Milli kompozitorçylyk mekdebiniň döreýşi, ýurdumyzyň saz sungatynyň ösmegine uly goşant goşan birnäçe görnükli kompozitoryň döredijiligi bilen baglanyşykly meseleler örboýuna galýar.

2.jpg

Kitap kompozitorlaryň ömri we döredijilik ýoly barada gürrüň berýär, onuň sahypalarynda awtorlaryň iň meşhur eserleriniň saz seljermesi hem orun alandyr. Olaryň arasynda Daňatar Öwezowyň kamera-wokal döredijiligi we "Leýli we Mejnun" operasy; Aşyr Kulyýewiň skripka we orkestr üçin konserti hem-de fortepiano üçin sonatasy; Welimuhammet Muhadowyň simfoniki orkestr üçin "Türkmen Suite" saz eseri we beýik şahyr Magtymgula bagyşlanan birinji simfoniýasy; Durdy Nuryýewiň fortepiano üçin ýazan "Çagalar albomy" we "Nusaý" baleti; Nury Halmämmedowyň simfoniki döredijiligi, onuň fortepiano we kamera-wokal eserleri; Çary Nurymowyň orkestrli fortepiano üçin konserti we “Indira Gandiniň ýagty ýadygärligine” atli ikinji kwarteti; Rejep Allaýarowyň skripka we orkestr üçin konsert-poemasy; Amandurdy Agajykowyň wiolonçel we orkestr üçin döreden konserti we simfoniýasy bar.

3.jpg

Okuw kitabynyň jemleýji baby Türkmenistanyň saz sungatynyň garaşsyzlyk ýyllarynda ösüşine bagyşlanýar.

Kitapda arhiw suratlary, seljerilýän eserleriň many-mazmunyny açyp görkezýän saz nota mysallary ýerleşdirilendir.

4.jpg

3130 nusgada neşir edilen okuw kitaby ýaş sazandalar üçin täze okuw ýylynda ajaýyp sowgat bolar we sazçylyk mekdepleriniň okuw-döredijilik işiniň ösmegine ýardam eder.

5.JPG

Çagalar sazçylyk mekdepleri üçin niýetlenen "Türkmen saz edebiýaty" atly täze neşir ýöriteleşdirilen orta we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin hem, Türkmenistanyň aýdym-saz medeniýeti bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligi üçin-de gyzykly bolup biler. Kitap çagalar bilen öýde okamak üçin hem amatly, ol aýdym-saz dünýäsine gaýybana syýahat bolup, körpeleriň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga we gözýetimlerini giňeltmäge kömek eder.

Jemal AGAJANOWA

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026