“Panasonic” akylly şkaf öndürdi


“Panasonic” Ýaponiýada HCC-R600A akylly şkafyň öndürilendigini habar berdi. Ol birbada birnäçe enjamyň ornuny tutup biler, ýagny egin-eşikleriň ýygyrdyny ýazar, ysyny aýrar we guradar.
Birinjiden, şkaf egin-eşikleriň ýygyrdyny ýazjak bugly ütükleme ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bary-ýogy 10 minudyň dowamynda birbada ep-esli eşigiň ýygyedyny ýazyp, bug bilen arassalamak bolar.
Ikinjiden, şkafda bakteriýalary we ýakymsyz yslary aýyrýan içki dezinfektorlar gurnalan. “Panasonic” korporasiýasynyň wekillerinuň aýtmagyna görä, enjam 120 minutda bakteriýalaryň 99% -ni ýok edip biler.

Üçünjiden, şkafyň guratma wezipesi hem bar. Eşikleri ýuwlan badyna onuň içine asmak bolar, ýörite ornaşdyrylan guradyjy enjam iki sagatda aňryýany bilen bu işiň hötdesinden geler.
Öndüriji dezinfeksiýa wagtynda ses derejesiniň 30 dB, bug tertibinde - 40 dB deň boljakdygyny mälim edýär. Kitaphanada ýa-da çetki ýaşaýyş toplumynda ses derejesi, takmynan şolar ýaly.
Şkafyň gapysynda ýerleşýän duýgur yşyk panelini ulanyp, dolandyrmak bolar. Bu ýerde ideg tertibini düzüp, bilesigeliji körpelerden gapyny gulplaýan ýörite tilsimi gurnamak hem mümkin.
ORIENT news








