HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” atly 28-nji halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk görülýär

Iýun 24, 2023 | 14:57 |13806
Aşgabat şäherinde şu ýylyň 25 – 27-nji oktýabrynda 28-nji gezek geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” atly halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär.Aşgabat şäherinde şu ýylyň 25 – 27-nji oktýabrynda 28-nji gezek geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” atly halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär.
Çeşme: "Türkmen Forum" hojalyk jemgyýeti

Aşgabat şäherinde şu ýylyň 25 – 27-nji oktýabrynda 28-nji gezek geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” atly halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär.

“Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýardamy bilen “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti halkara forumyny guraýjylar bolup çykyş edýärler.

Halkara maslahatyň we serginiň geçirilmeginiň maksady energetika ulgamyny durnukly ösdürmekde halkara tagallalary birleşdirmekden, global energetika ulgamynda soňky ýörelgeler, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Halkara forumyň çäklerinde guraljak işewür duşuşyklary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyndaky täze maýa goýum taslamalaryny, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň geljekki tapgyrlaryny, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny, ýurdumyzyň gury çäklerinde we Hazar ýalpaklygynda geljegi uly gaz känlerini özleşdirmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleri, uglewodorod çeşmelerini işlemegiň ekologiýa taraplaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga giň mümkinçilik dörediler.

Forumy guraýjylar şu gezekki maslahata we sergä energetika ulgamynda iş alyp barýan köpsanly daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň we maliýe edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagyna garaşýarlar.

Halkara maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz, energetika, himiýa, bank ulgamynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen duşuşmaga mümkinçilik dörediler. Halkara maslahaty şahsy gatnaşyk we onlaýn görnüşde geçiriler. Guramaçylar daşary ýurtly gatnaşyjylara wiza we beýleki kömeklerini bererler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

23:30 Sentýabr 24, 2026
Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

23:00 Sentýabr 24, 2026
Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

22:00 Sentýabr 24, 2026