HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Putin Kataryň premýer-ministri bilen gepleşik geçirdi

Iýun 23, 2023 | 00:43 |6312
22-nji iýunda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Kataryň premýer-ministr we
daşary işler ministri Mohammed bin Abdel Rahman Al Tani bilen Moskwada
duşuşdy.22-nji iýunda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Kataryň premýer-ministr we
daşary işler ministri Mohammed bin Abdel Rahman Al Tani bilen Moskwada
duşuşdy.
Çeşme: Sputnik

22-nji iýunda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Kataryň premýer-ministr we daşary işler ministri Mohammed bin Abdel Rahman Al Tani bilen Moskwada duşuşdy.

Söhbetdeşlikde Russiýanyň lideri iki ýurduň arasyndaky «hyzmatdaşlygyň doly mümkinçiliginiň» açylmandygyny aýtdy we hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.

Kataryň resmisi, Pars aýlagynyň Russiýa bilen barha artýan gatnaşyklaryny makullady we Kataryň emiri Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan habaryny ýetirdi. «Gürrüň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we utgaşdyrmak üçin mundan beýläkki ädimler barada gidýär»,-diýip ol aýtdy.

Abdul Rahman Russiýa saparyna çarşenbe güni başlady. Moskwada ol kärdeşleri Sergeý Lawrow we Mihail Mişustin bilen duşuşdy.

Mişustin Sputnik-e beren teswirinde Moskwanyň Katary Günbatar Aziýada «esasy hyzmatdaş» hökmünde görýändigini we ýurdunyň hyzmatdaşlygy giňeltmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.

«Katar bilen Russiýa, energetika pudagynda uzak möhletleýin strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýdy we Kataryň maýa goýumlaryny ösdürmek gullugy [Russiýanyň nebit kompaniýasy] Rosneft-iň iň uly paýdarydyr», -diýip belledi.

Soňky aýlarda Katar uly energetika ylalaşyklaryna, esasanam Hytaý bilen ylalaşyklara gol çekdi. Katar ýakynda Hytaýyň milli nebit korporasiýasy (CNPC) bilen 27 ýyllyk gaz üpjünçiligi ylalaşygyna gol çekdi we bu bir ýyldan hem az wagtyň içinde Hytaýyň döwlet kompaniýasy bilen Pars aýlagy ýurtlarynyň ikinji uly gaz üpjünçiligi ylalaşygy.

Şeýle hem, Patyşalyk Eýran bilen gatnaşyklary täzeden ýola goýýar. EYR-yň Daşary işler ministri Hoseýn Amir-Abdollahýan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary hasam ösdürmek maksady bilen şu hepde Doha bardy we Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen duşuşdy.

Ozal şu aýda Eýran, Pars aýlagynyň ýakasyndaky senagat zolagyny Russiýa, Katar we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda esasy sebit gaz merkezine öwürmek meýilnamasyny yglan etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026