Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ilkinji konteýner otlusy Günorta Uraldan Türkmenistanyň üsti bilen Saud Arabystanyna iberildi

Iýun 22, 2023 | 02:05 |8738
Saud Arabystanyna ilkinji konteýner otly, Günorta Ural demir ýolunyň (GUDÝ)
Çelýabinsk-Gruzowoý bekedinden ugrady. Otly Gazagystanyň, Türkmenistanyň,
Eýranyň üsti bilen Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesinden barýar diýip,
Günorta Ural demir ýolunyň metbugat gullugy habar berýär.Saud Arabystanyna ilkinji konteýner otly, Günorta Ural demir ýolunyň (GUDÝ)
Çelýabinsk-Gruzowoý bekedinden ugrady. Otly Gazagystanyň, Türkmenistanyň,
Eýranyň üsti bilen Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesinden barýar diýip,
Günorta Ural demir ýolunyň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: sdelanounas.ru

Saud Arabystanyna ilkinji konteýner otly, Günorta Ural demir ýolunyň (GUDÝ) Çelýabinsk-Gruzowoý bekedinden ugrady. Otly Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň üsti bilen Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesinden barýar diýip, Günorta Ural demir ýolunyň metbugat gullugy habar berýär.

«Hyzmat operatory bolup «RZD Logistika» çykyş edýär. Ilkinji otlynyň 42 konteýnerinde elektrik enjamlary we reňkli metallar eksporta iberildi. Otly çalt eltip bermek ugur boýunça ýük daşamak üçin işlenip düzülen meýilnamanyň ýöriteleşdirilen ugrynda hereket edýär»,-diýip habarda aýdylýar.

Metbugat gullugy, iki aý ozal Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen GUDÝ-ly bilen Hindistana konteýner otlusynyň iberilendigini mälim etdi. Şu ýylyň üçünji çärýeginden bolsa, Çelýabinsk sebitinden her aý Demirgazyk-Günorta geçelgesine iki sany konteýner otly ibermek meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026