Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: uçar kerosini we dizel ýangyjy islege eýe boldy

Iýun 20, 2023 | 16:30 |4300
Duşenbe güni, 19-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy  $27,7 mln amerikan dollaryna deň bolan  16 geleşik baglaşyldy- diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Duşenbe güni, 19-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy  $27,7 mln amerikan dollaryna deň bolan  16 geleşik baglaşyldy- diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Duşenbe güni, 19-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $27,7 mln amerikan dollaryna deň bolan 16 geleşik baglaşyldy- diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

BAE-den we Owganystandan gelen işewürler Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjynyň jemi 42 müň tonnasyny satyn aldylar, önümiň her tonnasyna $585 amerikan dollary baha berdiler. Geleşikleriň jemi bahasy $24,5 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Owganystandan gelen telekeçi söwdalaşyklaryň barşynda ТС-1 kysymly uçar kerosininiň 2 müň tonnasyny stayn aldy, önümiň her tonnasyna $710,25 amerikan dollaryny hödürledi. Geleşigiň jemi bahasy $1,4 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Azerbaýjandan gelen kompaniýa TDHÇB-da tekizlenip boýalan we žakkard tüýjümek önümleriň 11,5 müň kg-ny $57,5 müň amerikan dollaryna satyn aldy.

Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekili nah matanyň 720 müň inedördül metrini $996 müň amerikan dollaryna satyn aldy.

BAE-den gelen işewürler jins balaklaryň 149,2 müň sanysyny $709,1 müň amerikan dollaryna (her biriniň bahasy-$3,65 amerikan dollary) satyn aldylar.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026