HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti Aşgabatda saparda

Iýun 19, 2023 | 22:58 |6698
Türkmenistana sapar bilen gelen Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti Daşary işler
ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen gepleşik geçirdi.Türkmenistana sapar bilen gelen Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti Daşary işler
ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen gepleşik geçirdi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistana sapar bilen gelen Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen gepleşik geçirdi.

Duşuşykda, ikitaraplaýyn görnüşde we «Merkezi Aziýa-ÝB» dialogynyň çäginde şu gün we geljekde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyga syn berildi.

Taraplar özara gatnaşyk mehanizmleri, şol sanda parlament boýunça pikir alyşdylar, bilelikdäki çäreleriň we medeni alyş-çalyşyň üstünlikli tejribesini, bilim taslamalarynyň we maksatnamalarynyň ähmiýetini, esasanam energetika pudagynda «ýaşyl» gün tertibiniň ähmiýetini bellediler.

Yzygiderli Daşary işler ministrleriniň duşuşyklarynyň, Syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary derejeli dialogyň mejlisleiniň, ykdysady forumlaryň geçirilýän «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» köptaraplaýyn platforma barada aýdylanda bolsa, gatnaşyklaryň ähmiýetli işjeňleşmegi meýilleşdirildi.

Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti Türkmenistanyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin halkara ynsanperwerlik başlangyçlarynyň, şol sanda ýurdumyzyň Owganystanda ýagdaýy sazlamak we parahatçylygy dikeltmek ugrundaky tagallalarynyň möhümdigini belledi diýip, Türkmen DIM-niň saýty habar berýär.

«Duşuşykda bilim, sanlaşdyrmak, energetika, ulag, ekologiýa, suw baýlyklary we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri kesgitlendi»,-diýip Daşary işler ministrliginde nygtadylar we Ýewropa Parlamentiniň wekilleriniň gender deňliginiň ösüşine, aýallaryň we ýaşlaryň Türkmenistanyň syýasy durmuşynda artýan ornuna ünsi çekendiklerini aýtdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026