HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maşatda Türkmenistanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi

Iýun 19, 2023 | 03:18 |8339
Horasan Rezawi welaýatynyň dolandyryş merkezi Maşadyň Söwda palatasynda, iki ýurduň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň we Eýranyň işewür wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi. Iki gün dowam eden bu çäre iki ýurduň söwda we senagat palatalary tarapyndan guraldy diýip, Tahlilbazaar ýazýar.Horasan Rezawi welaýatynyň dolandyryş merkezi Maşadyň Söwda palatasynda, iki ýurduň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň we Eýranyň işewür wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi. Iki gün dowam eden bu çäre iki ýurduň söwda we senagat palatalary tarapyndan guraldy diýip, Tahlilbazaar ýazýar.
Çeşme: tahlilbazaar.com

Horasan Rezawi welaýatynyň dolandyryş merkezi Maşadyň Söwda palatasynda, iki ýurduň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň we Eýranyň işewür wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi. Iki gün dowam eden bu çäre iki ýurduň söwda we senagat palatalary tarapyndan guraldy diýip, Tahlilbazaar ýazýar.

1.jpg

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bu duşuşykda çykyş edip, Eýran bilen Türkmenistanyň Bilelikdäki ykdysady toparynyň 17-nji mejlisiniň geljek aý Aşgabatda geçiriljekdigini belledi we bu duşuşyga gatnaşjak Eýranly telekeçileriň bir bölegi Ähtnamalary taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin häzirki işewür forumynda wekilçilik edýändigini aýtdy.

2.jpg

Şeýle hem, ilçi, taraplaryň işläp düzmeli birnäçe, şol sanda söwda gatnaşyklaryny we syýahatçylygy ösdürmek üçin wiza amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça meselesini beýan etdi. Mundan başga-da, bilelikdäki toparynyň mejlisinden soň Eýranyň Horasan Rezawiniň welaýat häkiminiň Türkmenistana sapary yglan edildi.

Türkmenistanyň Maşatdaky baş konsuly Ilýas Gaýypow, Türkmenistanyň Horasan Rezawi, Demirgazyk Horasan we Gülistan ýaly goňşy welaýatlar bilen söwda we medeni gatnaşyklary giňeldendigini beýan etdi. Ol, üç serhet geçelgesi bolan Horasan Rezawiniň Eýranyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna girelgesidigini nygtady.

3.jpg

Aşgabatda 2023-nji ýylyň fewral aýynda Eýranyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisiniň geçirilmegi we oňa 70 sany eýran kompaniýasynyň gatnaşmagy iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösendigini görkezýär.

Forumyň dowamynda Eýran tarapy birnäçe teklipleri, şol sanda Türkmenistanda bilelikdäki oba hojalygyny döretmek we ulag hyzmatdaşlygyny beýan etdi. Bu nukdaýnazardan, ýakyn geljekde geçiriljek duşuşygyň - üstaşyr meselelerinde - Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Eýranyň wekilleriniň bu ugurda hususy pudagyň mümkinçiliklerine esaslanyp, täze bilelikdäki resminama taýýarlanylmagynyň ähmiýeti belledildi.

4.jpg

Türkmen tarapy, Eýrana eksporty giňeltmek we bilelikdäki degişli taslamalary öňe sürmek mümkinçiligini öwrenmek meselesine ünsi jemledi.

Horasan Rezavi welaýatynyň senagat, magdan we söwda boýunça baş müdiri Amirreza Rajabiniň sözlerine görä, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynda bu welaýatyň paýy takmynan 33 göterim bolup, takmynan 500 million dollardyr.

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi iki ýurduň arasyndaky söwda alyş-çalşygynyň geçen ýyl 55 göterim ýokarlandygyny we bu ösýän tendensiýanyň şu ýylyň birinji çärýeginde dowam edendigini aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026