HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Güýz aýlarynda Özbegistan Russiýadan gaz satyn alyp başlar

Iýun 16, 2023 | 11:54 |8178
Şu ýylyň 4-nji çärýeginden başlap, rus tebigy gazy Gazagystanyň üsti bilen Özbegistan eksport edip başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada paýdarlar jemgyýeti mälim edýär.Şu ýylyň 4-nji çärýeginden başlap, rus tebigy gazy Gazagystanyň üsti bilen Özbegistan eksport edip başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada paýdarlar jemgyýeti mälim edýär.
Çeşme: gazprom.ru

Şu ýylyň 4-nji çärýeginden başlap, rus tebigy gazy Gazagystanyň üsti bilen Özbegistan eksport edip başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada paýdarlar jemgyýeti mälim edýär.

Tebigy gazyň eksporty boýunça Peterburg Halkara ykdysady forumynyň çäginde “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleriň we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbsary Jamşid Hojaýewiň hem-de ýurduň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar rus tebigy gazynyň eksporty we Özbegistanda kabul edilmegi üçin turbageçiriji ulgamy taýýarlamak boýunça Ýol kartasyna gol çekdiler.

Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen forumyň çäginde Alekseý Miller şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň energetika ministri, “QazaqGaz” Milli kompaniýasy” paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Sanžar Žarkeşow bilen hem duşuşygy geçirildi. Duşuşykda rus tebigy gazynyň Gazagystanyň çägi boýunça Özbegistandaky sarp edijilere geçirilmegi üçin hyzmatlary amala aşyrmak boýunça şertnama hem gol çekildi.

Şeýle hem Peterburg Halkara ykdysady forumynyň çäginde “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleriň we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rowşan Najafyň arasynda gepleşikler geçirilip, tebigy gazy üstaşyr geçirmek pudagynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerine seredildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

23:30 Sentýabr 24, 2026
Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

23:00 Sentýabr 24, 2026
Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

22:00 Sentýabr 24, 2026