Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary ýörite howa gatnawy bilen Saud Arabystanyna haj zyýaratyna ugrady

Iýun 16, 2023 | 00:34 |8202
Penşenbe güni türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary haj parzyny berjaý etmek
üçin Aşgabatdan Saud Arabystanyna ugrady. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň buýrugy esasynda «Türkmenhowaýollary» agentligi
zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin
agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawlary gurady.Penşenbe güni türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary haj parzyny berjaý etmek
üçin Aşgabatdan Saud Arabystanyna ugrady. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň buýrugy esasynda «Türkmenhowaýollary» agentligi
zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin
agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawlary gurady.
Çeşme: orient.tm

Penşenbe güni türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary haj parzyny berjaý etmek üçin Aşgabatdan Saud Arabystanyna ugrady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň buýrugy esasynda «Türkmenhowaýollary» agentligi zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawlary gurady.

Saud Arabystanyna türkmen zyýaratçylaryny ibermek iýul aýynyň ortalaryna çenli dowam eder.

Zyýaratçylar gitmezden ýola düşmezden öňürti, Aşgabatdaky “Hezreti Omar” metjidine baryp, ol ýerden paýtagtyň halkara howa menziline ugradylar - diýip, Türkmen telewideniýesiniň habarlar gepleşiginiň agşamky goýberilişinde habar berildi.

Türkmenistanly zyýaratçylar Mekgä haj parzyny berjaý edýän musulmanlaryň millionlarçasynyň hataryna goşularlar.

Resmi SPA habarlar agentliginiň penşenbe güni beren habaryna görä, Saud Arabystanyň häkimiýetleri dünýäniň dürli künjeklerinden gelen haj zyýaratçylarynyň jemi 585 932-sini hasaba aldy.

Haj resmi taýdan yglan edilenden soň 26-njy iýunda başlamagyna we bu ýyl, COVID-19-dan soň i ilkinji gezek 2,6 million musulmanyň yslam dessuryny ýerine ýetirmek üçin zyýarata ýygnanmagyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

13:22 Awgust 01, 2026
Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

19:30 Iýul 31, 2026
Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

17:40 Iýul 31, 2026