HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara ylmy-amaly maslahatyň öňüsyrasynda Aşgabatda iki çäre geçirilýär

Iýun 14, 2023 | 14:18 |5097
“Uglewodorod ýataklaryny işlemegiň ekologiýa jähetleri, täze tehnologiýalar we mümkinçilikler” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde şu gün – 14-nji iýunda iki sany çäre geçirilýär. Bu barada forumy guraýjylar mälim edýär.“Uglewodorod ýataklaryny işlemegiň ekologiýa jähetleri, täze tehnologiýalar we mümkinçilikler” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde şu gün – 14-nji iýunda iki sany çäre geçirilýär. Bu barada forumy guraýjylar mälim edýär.
Çeşme: Turkmen Forum

“Uglewodorod ýataklaryny işlemegiň ekologiýa jähetleri, täze tehnologiýalar we mümkinçilikler” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde şu gün – 14-nji iýunda iki sany çäre geçirilýär. Bu barada forumy guraýjylar mälim edýär.

“Elýeterli we arassa energiýa: ýaşlaryň gözi bilen” ady bilen geçirilýän birinji duşuşygyň barşynda BMG-niň wekilleri, ýurdumyzyň alymlary we talyp ýaşlary BMG-niň Durnukly ösüş maksatnamasyny, hususan-da bu maksatnamanyň 7-njisi bolan “Amatly we arassa energiýa” maksadyny ara alyp maslahatlaşarlar. Maslahatlaşmanyň çäginde oňa gatnaşyjylar amatly, durnukly we häzirki zaman energiýa çeşmesine hemmeleriň elýeterliligini üpjün etmek meseleleri boýunça garaýyşlaryny mälim edip, özara geňeşmeleri guraýarlar.

“Inžener-nebitçileriň jemgyýeti: Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň hünärmenleriniň geljegi we mümkinçilikleri” ady bilen geçiriljek ikinji çärede inžener-nebitçiler çykyşlar edip, olarda Jemgyýetiň alyp barýan işi, oňa agza bolmagyň ähmiýeti, ýurudmyzyň ylmy-barlag merkezleri hem-de ýokary okuw mekdepleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar.

Inžener-nebitçileriň jemgyýeti bu täjirçilik bäbitli bolmadyk gurama bolup, oňa dünýäniň 138 ýurdundan 426 sany talyplar birleşigi we 119 müň adam hem agzadyr. Jemgyýetiň çäginde nebit-gaz ýataklaryny açmak, işlemek we şunuň bilen bagly tehnologiýalar boýunça bilimler we tejribeler paýlaşylýar. Inžener-nebitçileriň jemgyýetine agza bolanlar Jemgyýetiň “OnePetro” diýlip atlandyrylýan elektron kitaphanasynyň baý kitaplaryny we ylmy neşirlerini okap bilerler. Tanyşdyryş çäresi talyp ýaşlaryň geljekde halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaklary we bilimlerini özara paýlaşmaklary üçin amatly çäre bolar.

“Uglewodorod ýataklaryny işlemegiň ekologiýa jähetleri, täze tehnologiýalar we mümkinçilikler” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň özi ertir – 15-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde badalga alar. Oňa dünýäniň 20 döwletinden 800-den gowrak wekil gatnaşýar. Onuň çäginde uglewodorod ýataklaryny gaýtadan işlenilende daşky gurşawa goýberilýän zyňyndylaryň mukdaryny azaltmak meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Halkara maslahata ýurdumyzyň ýokary derejeli Hökümet ýolbaşçylary, milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026