HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Messini Pekiniň howa menzilinde sakladylar

Iýun 14, 2023 | 14:52 |6709
Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi ispan pasporty bilen Hytaýa girmäge synanyşdy, sebäbi ol ýurduň çägine wizasyz girip bolar diýip pikir edipdir - diýip, Hytaýyň KHBS-ne salgylanyp, Bild neşiri habar berýär.Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi ispan pasporty bilen Hytaýa girmäge synanyşdy, sebäbi ol ýurduň çägine wizasyz girip bolar diýip pikir edipdir - diýip, Hytaýyň KHBS-ne salgylanyp, Bild neşiri habar berýär.
Çeşme: sport-express.ru

Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi ispan pasporty bilen Hytaýa girmäge synanyşdy, sebäbi ol ýurduň çägine wizasyz girip bolar diýip pikir edipdir - diýip, Hytaýyň KHBS-ne salgylanyp, Bild neşiri habar berýär.

Sosial torlardan peýdalanyjylar tarapyndan ýaýradylan şekilli rolikde birnäçe polisiýa işgäri milli topary bilen Awstraliýanyň garşysyna oýnamaga uçup gelen Argentinanyň ýygyndysynyň kapitany Lionel Messini Pekiniň howa menzilinde saklaýarlar.

Barlagda futbolçy Hytaýa girmek üçin özüniň wizasyz ispan pasportyny görkezdi. Şunuň ýaly ýalňyşy onuň ugran howa menzilinde uçara oturdylan wagtynda bilmändikleri bellenilýär. Ol ýerde ýolagçylar hasaba alnanda, olaryň girmek üçin ähli resminamalarynyň bardygyny adatça barlaýarlar. Ýöne Messi we onuň ýoldaşlary hususy uçarda uçandyklary sebäpli bu barlag geçirilmedik bolara çemeli.

Dawany çözmek üçin Messä Hytaýda bolmak üçin wagtlaýyn rugsatnama berýänçäler, ol iki sagada golaý howa menzilinde garaşmaly boldy.

Argentinanyň we Awstraliýanyň ýygyndylarynyň duşuşygy penşenbe güni, 15-nji iýunda bolar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026