HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Astrahanyň Hazar ýokary okuw mekdebinde hünärmenleri taýýarlamagy meýilleşdirýär

Iýun 14, 2023 | 12:18 |4457
Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Nury Gölliýew oblastyň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen gepleşikleri geçirdi, onuň barşynda taraplar ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler – diýip, türkmen konsullygynyň metbugat gullugy habar berýär.Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Nury Gölliýew oblastyň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen gepleşikleri geçirdi, onuň barşynda taraplar ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler – diýip, türkmen konsullygynyň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: astrakhan.tmconsulate.gov.tm

Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Nury Gölliýew oblastyň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen gepleşikleri geçirdi, onuň barşynda taraplar ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler – diýip, türkmen konsullygynyň metbugat gullugy habar berýär.

General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda geçen duşuşyga ýokary okuw mekdebiniň direktory gatnaşdy. Wekilleriň arasynda Türkmenistandan bu ugurdan hünärmenleri taýýarlamak babatynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça pikir alşyldy.

Astrahanyň bu ýokary okuw mekdebine saparynyň barşynda konsuly okuw işleri we maddy-tehniki binýady bilen tanyşdyrdylar, onuň işlemeginiň maksady suw ulagy babatynda hünärmenleri taýýarlamakdyr.

Saparyň jemleri boýunça ylym-bilim babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge gönükdirilen esasy ugurlar bellenildi, şeýle hem hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ynam beýan edildi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026