HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝHHG we Türkmenistan etnik jemgyýetleri birleşdirmek boýunça bilelikdäki işleri ara alyp maslahatlaşdylar

Iýun 13, 2023 | 21:34 |4992
Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen
Aşgabat şäherine gelen ÝHHG-nyň milli azlyklar boýunça Ýokary komissary
Kaýrat Abdrahmanow bilen gepleşik geçirdi diýip, ýurdumyzyň Daşary işler
ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen
Aşgabat şäherine gelen ÝHHG-nyň milli azlyklar boýunça Ýokary komissary
Kaýrat Abdrahmanow bilen gepleşik geçirdi diýip, ýurdumyzyň Daşary işler
ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: mfa.gov.tm

Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen ÝHHG-nyň milli azlyklar boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen gepleşik geçirdi diýip, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Milli azlyklar boýunça Ýokary komissaryň mandatyny öz içine alýan, ÝHHG-nyň adam ölçegleri boýunça bilelikdäki işiň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Meredow soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýokary komissaryň edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze derejä çykandygyny we yzygiderli häsiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Bilim pudagy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Hususan-da, 2021-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝHHG-nyň Milli Azlyklar boýunça Ýokary komissarlygynyň Türkmenistanyň dil we medeni dürlüligi boýunça hyzmatdaşlyk baradaky Hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekilmegi möhüm ädim boldy.

Ähtnamany durmuşa geçirmek üçin Merkezi Aziýada bilim maksatnamasynyň çäginde Ýokary komissaryň edarasy bilen işjeň gatnaşygy dowam etdirmek teklip edildi. Onuň dördünji tapgyry şu ýylyň dekabrynda tamamlanýar. Taslama, bilim derejesini ýokarlandyrmak arkaly Merkezi Aziýadaky dürli etnik jemgyýetleriň çuňňur integrasiýasy ugrunda ähmiýetli öňegidişlige ýetmäge kömek etmäge gönükdirilendir.

Taraplar 2023-2025-nji ýyllar üçin bu Ähtnamany durmuşa geçirmek üçin Ýol kartasyny düzmek barada ylalaşdylar.

Özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugry hökmünde, 202-nji ýylda kabul edilen 2021- 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda adam hukuklary boýunça milli hereket meýilnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk bellenildi.

Şeýle hem taraplar 15-nji iýunda Aşgabatda geçiriljek «Milli azlyklaryň maslahat beriş mehanizmlerine netijeli gatnaşmagynda ÝHHG-nyň oňat tejribesi» tegelek stoluň gün tertibi barada pikir alyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026