HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen talyplary Aşgabatda DÖM boýunça duşuşyga gatnaşdylar

Iýun 13, 2023 | 21:24 |8076
Duşenbe güni Aşgabatda "Kitap – paýhasyň çeşmesi" kitap klubynyň alyp barýan
işiniň çäginde Durnukly Ösüş Maksatlary (DÖM) boýunça duşuşyk geçirildi. Bu çäre
ýaşlary DÖM-i durmuşa geçirmek boýunça global çäreler bilen tanyşdyrmaga we ýaş
nesliň bu işde möhüm ornuny bellemäge gönükdirilendir. Duşuşyk Birleşen Milletler
Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä diller instituty tarapyndan gurnaldy.Duşenbe güni Aşgabatda "Kitap – paýhasyň çeşmesi" kitap klubynyň alyp barýan
işiniň çäginde Durnukly Ösüş Maksatlary (DÖM) boýunça duşuşyk geçirildi. Bu çäre
ýaşlary DÖM-i durmuşa geçirmek boýunça global çäreler bilen tanyşdyrmaga we ýaş
nesliň bu işde möhüm ornuny bellemäge gönükdirilendir. Duşuşyk Birleşen Milletler
Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä diller instituty tarapyndan gurnaldy.
Çeşme: BMGÖM

Duşenbe güni Aşgabatda "Kitap – paýhasyň çeşmesi" kitap klubynyň alyp barýan işiniň çäginde Durnukly Ösüş Maksatlary (DÖM) boýunça duşuşyk geçirildi. Bu çäre ýaşlary DÖM-i durmuşa geçirmek boýunça global çäreler bilen tanyşdyrmaga we ýaş nesliň bu işde möhüm ornuny bellemäge gönükdirilendir. Duşuşyk Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller instituty (TMDDI) tarapyndan gurnaldy.

1-4.JPG

Duşuşyga Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary gatnaşyp, olar DÖM-iň 13-nji maksat - "Howanyň üýtgemegine garşy göreş", 14-nji maksat - "Deňiz ekoulgamlaryny gorap saklamak", 15-nji maksat - "Guryýer ekoulgamlaryny gorap saklamak" we 7-nji maksat - "Amatly we arassa energiýa" ýaly birnäçe ugurlaryna garadylar.

2-5.JPG

Şeýle hem, BMG-niň ÖM-iň bilermenleri ara alyp maslahatlaşmak üçin şäherleri has durnukly etmegiň usullary, tygşytly sarp ediş we galyndylary dolandyrmak, Aral deňziniň ekologiýa krizisi we Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşe gönükdirilen halkara başlangyçlary, şeýle hem howa çökgnligine garşy göreşde ýaş nesliň orny ýaly derwaýys mowzuklary teklip etdiler.

3-1.JPG

Indiki duşuşyk awgust aýynda geçiriler we "Mynasyp iş we ykdysady ösüş" atly 8- nji maksadyň durmuşa geçirilişine bagyşlanar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026