HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Buhara emiriniň kanselýariýa arhiwi ÝUNESKO-nyň "Dünýä hakydasy" sanawyna girizildi

Iýun 12, 2023 | 22:43 |6372
Buhara emiriniň kanselýariýa arhiwi ÝUNESKO-nyň "Dünýä hakydasy"
maksatnamasynyň sanawyna girizildi. Birnäçe dilde - arap, pars, rus we türk dillerindäki
resminamalar ýygyndysy şol wagtky Buharanyň sosial-ykdysady durmuşyny we syýasy
gurluşyny açyp görkezýär – diýip, IslamNews habarlar agentligi “Uzarhiw” agentliginiň
metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.Buhara emiriniň kanselýariýa arhiwi ÝUNESKO-nyň "Dünýä hakydasy"
maksatnamasynyň sanawyna girizildi. Birnäçe dilde - arap, pars, rus we türk dillerindäki
resminamalar ýygyndysy şol wagtky Buharanyň sosial-ykdysady durmuşyny we syýasy
gurluşyny açyp görkezýär – diýip, IslamNews habarlar agentligi “Uzarhiw” agentliginiň
metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.
Çeşme: tj.sputniknews.ru

Buhara emiriniň kanselýariýa arhiwi ÝUNESKO-nyň "Dünýä hakydasy" maksatnamasynyň sanawyna girizildi. Birnäçe dilde - arap, pars, rus we türk dillerindäki resminamalar ýygyndysy şol wagtky Buharanyň sosial-ykdysady durmuşyny we syýasy gurluşyny açyp görkezýär – diýip, IslamNews habarlar agentligi “Uzarhiw” agentliginiň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.

Giňgerimli gaznada kanselýariýanyň öz işi bilen baglanyşykly resminamalar, şeýle-de merkezi häkimiýetleriň ýerlerden gelen hasabatlary we Buharadaky Russiýanyň imperatorynyň syýasy gullugy bilen hat alyşmalary saklanylýar. Seýrek duş gelýän ýygyndy Özbegistanyň Milli arhiwinde saklanýar.

k-stat-e12-E-mir-Buharskij-Abdulahad-s-naslednikom-Alimhanom-v-Moskve.-1893g..jpg

Hronologiki taýdan arhiw Buharanyň Russiýa birikmeginden tä 1920-nji ýylda emirlik ýykylýança döwri öz içine alýar. Resminamalaryň köpüsi Buharanyň dolandyryjy emirleri, şeýle hem aýratyn ygtyýarly şahslar - şyh-ul-yslamlar (yslam meseleleri boýunça ýokary wezipeli adamlar), müftiler, kazylar, gorag we garawul başlyklary tarapyndan gol çekilen.

Buhara emirligi XVIII asyryň ortalaryndan 20-nji asyryň 20-nji ýylyna çenli Merkezi Aziýada häzirki Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň çäklerinde höküm süren döwlet.

ezgif-5-fb41bc3f1c.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026