HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Latwiýanyň ulag edaralary hyzmatdaşlyk hakynda Beýanaty kabul etdiler

Iýun 12, 2023 | 21:19 |5620
Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy we Latwiýa ulag we logistika ulgamynda
hyzmatdaşlyk hakynda bilelikdäki Beýanata gol çekdiler. Dabara, duşenbe güni
Latwiýa bilen Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasyndaky ulag boýunça bäş egindeş başlyklarynyň
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler geçirip, hyzmatdaşlygyň meselelerini
hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşyp, birnäçe ylalaşyklar gazananylandan soň,
12-nji iýunda Rigada geçirildi.Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy we Latwiýa ulag we logistika ulgamynda
hyzmatdaşlyk hakynda bilelikdäki Beýanata gol çekdiler. Dabara, duşenbe güni
Latwiýa bilen Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasyndaky ulag boýunça bäş egindeş başlyklarynyň
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler geçirip, hyzmatdaşlygyň meselelerini
hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşyp, birnäçe ylalaşyklar gazananylandan soň,
12-nji iýunda Rigada geçirildi.
Çeşme: orient.tm

Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy we Latwiýa ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda bilelikdäki Beýanata gol çekdiler. Dabara, duşenbe güni Latwiýa bilen Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasyndaky ulag boýunça bäş iş toparynyň egindeş başlyklarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler geçirip, hyzmatdaşlygyň meselelerini hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşyp, birnäçe ylalaşyklar gazananylandan soň, 12-nji iýunda Rigada geçirildi.

Bu duşuşyklaryň netijesinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Latwiýa Respublikasynyň Gatnawlar ministrliginiň, Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastruktura ösüş ministrliginiň, Özbegistan Respublikasynyň ulag ministrliginiň, Gyrgyz Respubikasynyň Ulag we kommunikasiýalar ministrliginiň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň gol çeken Bilelikdäki Beýanaty ylalaşyldy.

Resmi beýannamada durnukly söwdany, ykdysady ösüşi hem-de abadançylygy ilerletmek üçin binýat hökmünde Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda halkara söwdasyny we arabaglanyşygy üpjün etmekde ulagyň we logistikanyň möhüm orny nygtaldy.

2(thumb).jpg

Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda intermodal we multimodal serhetüsti hem-de üstaşyr ulag hyzmatlaryny goldamak, şeýle hem Baltika deňziniň multimodal geçelgesiniň üsti bilen Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Ýewropa Bileleşigine ýükleri ibermegiň halklaryny pugtalandyrmak we giňeltmek üçin dürli gündelik hem-de ýüze çykýan meseleler göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem Beýanatda, awtomobil, demirýol, port, awiasiýa, poçta hyzmatlaryny hem-de elektron täjirçilik hyzmatlaryny, şol sanda Latwiýanyň ulag- logistika düzümleriniň üsti bilen Merkezi Aziýadan Demirgazyk we Günbatar Ýewropa harytlary paýlamak üçin mümkinçilikleri ulanmak arkaly Merkezi Aziýanyň Ýewropa Bileleşigi, Beýik Britaniýa, Demirgazyk Amerika, Latyn Amerikasy we Afrika bilen arabaglanyşygy üpjün etmekde Latwiýanyň logistika hyzmatlarynyň mümkinçilikleri ykrar edildi.

Alty ýurt, Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda utgaşykly ulag ugurlaryny we arabaglanyşygy ösdürmek we gowulandyrmak maksat edinýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn platformalary peýdalanmak bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada ylalaşdy. Şeýlelikde, Latwiýada we Merkezi Aziýada harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasyny ösdürmäge ýardam bermek, oba hojalygyna, tebigy serişdelere hem-de umumy ýük gatnatmalara, şeýle hem adamlaryň arasynda gatnaşyklary goldamak we giňeltmek üçin tagallalara aýratyn üns berildi.

Ondan başga-da Beýanatda söwda, maýa goýum we işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen, Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň hem-de has giň görnüşde Aziýanyň arasynda söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, Latwiýada we Merkezi Aziýada ulag we logistika hyzmatlarynyň ösdürilmegine, ammarlaryň, önümçilik we senagat kuwwatlyklarynyň döredilmegine ýardam bermek hakda aýdyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026