HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Iýun 13, 2023 | 11:50 |5165
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Serjio Mattarella ýurduň ozalky Premýer-ministri Silwio Berluskoniniň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Serjio Mattarella ýurduň ozalky Premýer-ministri Silwio Berluskoniniň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Çeşme: unsplash.com

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Serjio Mattarella ýurduň ozalky Premýer-ministri Silwio Berluskoniniň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Hatda bellenilişi ýaly, görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolmak bilen, Silwio Berluskoni Italiýanyň öňe gitmegine, şeýle-de Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşdy.

Ýurdumyzyň iň uly wekilçilikli edarasynyň Başlygy şu agyr pursatda merhumyň maşgala agzalaryna we dogan-garyndaşlaryna, Italiýanyň dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk bildirdi hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.

Silwio Berluskoni 86 ýaşynda Milan şäherinde aradan çykdy. Ol dürli ýyllarda, ýagny, 1994-1995, 2001-2006, 2008-2011 we 2013-2016 ýyllar aralygynda Italiýanyň Hökümetine ýolbaşçylyk etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026