HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kubanyň premýer-ministri Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiligini belleýär

Iýun 10, 2023 | 22:00 |7218
Kuba hökümeti Türkmenistanyň has ýakyn ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak
mümkinçiliklerine garaýar. Bu mowzuk Kubanyň premýer-ministri Manuel Marrero
Krus bilen şu ýurduň Saglygy goraýyş ministri Hose Anhel Portal Miranda bilen
Türkmenistan hökümetiniň maliýe-ykdysady meseleleri boýunça wise-premýeri
Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen duşuşygynyň
esasy meselesi boldy.Kuba hökümeti Türkmenistanyň has ýakyn ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak
mümkinçiliklerine garaýar. Bu mowzuk Kubanyň premýer-ministri Manuel Marrero
Krus bilen şu ýurduň Saglygy goraýyş ministri Hose Anhel Portal Miranda bilen
Türkmenistan hökümetiniň maliýe-ykdysady meseleleri boýunça wise-premýeri
Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen duşuşygynyň
esasy meselesi boldy.
Çeşme: @MMarreroCruz

Kuba hökümeti Türkmenistanyň has ýakyn ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiliklerine garaýar. Bu mowzuk Kubanyň premýer-ministri Manuel Marrero Krus bilen şu ýurduň Saglygy goraýyş ministri Hose Anhel Portal Miranda bilen Türkmenistan hökümetiniň maliýe-ykdysady meseleleri boýunça wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen duşuşygynyň esasy meselesi boldy.

Duşuşyk Soçide Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisiniň çäginde geçirildi.

Marrero öz twitter akkauntynda: "Biz Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we gaz, bugdaý we dökün öndüriji bolan bu ýurt bilen bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdyk" – diýip ýazdy.

1-2.jpg

Kubanyň ýokary derejeli resmi wekili Soçä EAEU-da synçy ýurduň wekili hökmünde geldi. Marrero Bileleşige Mariel aýratyn zolakda sebitara integrasiýany güýçlendirjek önümçilik zynjyrlaryny ösdürmäge gönükdirilen industrial parky döretmegi teklip etdi we Gawananyň EAEU-nyň hökümetara geňeşini kabul etmäge taýýardygyny aýtdy. Ol: "Kuba Latyn Amerikasy we Karib sebitine derweze hödürleýär" - diýdi.

Hojamyrat Greldimyradow hem öz gezeginde Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň giňeldilen mejlisinde Merkezi Aziýa, Ýewropa sebitleriniň we Hytaýyň arasyndaky ýük akymlaryny güýçlendirmäge kömek etjek “Merkezi Aziýa- Hazar-Gara deňiz” we “Merkezi Aziýa-Pars aýlagy” ýollarynyň ösüşinde Türkmenistanyň roluny belläp geçdi.

2-3.jpg

2023-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda Kubanyň täze ilçisi Karlos Enrike Waldes de la Konsepsiona işe başlady. Kubaly diplomat bilen şol döwürde Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde medeniýet, sport we saglygy goraýyş pudagynda gatnaşyklary ösdürmäge özara gyzyklanma aýratyn bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026