HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HPG Almatyda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin mümkinçilikleri ösdürmek merkezini açdy

Iýun 10, 2023 | 14:37 |5826
Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlary üçin Halkara Pul
Gaznasynyň (HPG) mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebit merkezi 9-njy
iýunda Almaty şäherinde açyldy. Gazagystan edarasy dünýädäki şular ýaly
merkezleriň 17-sinden biri bolup, HPG-nyň işini birbada dokuz döwletde:
Ermenistanda, Azerbaýjanda, Gruziýada, Gazagystanda, Gyrgyzystanda,
Mongoliýada, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda utgaşdyrar
diýip, Tengrinews.kz habarlar berýär.Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlary üçin Halkara Pul
Gaznasynyň (HPG) mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebit merkezi 9-njy
iýunda Almaty şäherinde açyldy. Gazagystan edarasy dünýädäki şular ýaly
merkezleriň 17-sinden biri bolup, HPG-nyň işini birbada dokuz döwletde:
Ermenistanda, Azerbaýjanda, Gruziýada, Gazagystanda, Gyrgyzystanda,
Mongoliýada, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda utgaşdyrar
diýip, Tengrinews.kz habarlar berýär.
Çeşme: HPG-nyň metbugat gullugy

Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlary üçin Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebit merkezi 9-njy iýunda Almaty şäherinde açyldy. Gazagystan edarasy dünýädäki şular ýaly merkezleriň 17-sinden biri bolup, HPG-nyň işini birbada dokuz döwletde: Ermenistanda, Azerbaýjanda, Gruziýada, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Mongoliýada, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda utgaşdyrar diýip, Tengrinews.kz habarlar berýär.

Dabara HPG-nyň dolandyryjy müdiri Kristalina Georgiýewa we Gazagystan Respublikasynyň Milli Bankynyň başlygy gatnaşdy.

«Biz bu ýurtlar, dürli ykdysady mümkinçilikler we kynçylyklar bilen öňe barýarka, takmynan 100 million ilatly bu dürli we depginli sebitde agza döwletlerimizi goldamak üçin bu merkezi açýarys. Merkez agza ýurtlara býujet, pul we maliýe syýasaty, şeýle hem statistika ýaly ugurlarda inkýuziw ösüşi goldaýan has durnukly syýasatlary we institusional esaslary ösdürmäge kömek eder», - diýip habar agentligi Kristalina Georgiýewanyň açylyşdaky sözlerine salgylanýar.

Şeýle hem ol, Merkeziň üstünlikleriniň ähli agza ýurtlaryň işine doly ygrarlylygyna we gatnaşmagyna baglydygyny belledi. Maliýeleşdirme HPG, şeýle hem merkez tarapyndan gözegçilik ediljek gatnaşyjy ýurtlar: Gazagystan, Özbegistan, Ermenistan, Gruziýa, Azerbaýjan hem-de hyzmatdaşlar - Şweýsariýa, Russiýa, Hytaý, Günorta Koreýa we ABŞ, Aziýa Ösüş banky we Polşa tarapyndan üpjün edilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026