HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystan GDA we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň ýaş telekeçiler forumyny geçirmegi teklip etdi

Iýun 08, 2023 | 22:24 |4595
Gyrgyzystan GDA we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň ýaş
telekeçiler forumyny geçirmegi teklip edýär. “Şeýle ädim ýewraziýa integrasiýasyny
berkitmäge ýardam eder” – diýip, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji
orunbasary Adylbek Kasymaliýew Soçide Arkalaşygyň we EAEU-nyň ýaşlary bilen
geçirilen duşuşykda aýtdy. Bu barada Gyrgyzystanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar
berýär.Gyrgyzystan GDA we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň ýaş
telekeçiler forumyny geçirmegi teklip edýär. “Şeýle ädim ýewraziýa integrasiýasyny
berkitmäge ýardam eder” – diýip, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji
orunbasary Adylbek Kasymaliýew Soçide Arkalaşygyň we EAEU-nyň ýaşlary bilen
geçirilen duşuşykda aýtdy. Bu barada Gyrgyzystanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar
berýär.
Çeşme: Gyrgyz Respublikasynyň ministrler kabineti

Gyrgyzystan GDA we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň ýaş telekeçiler forumyny geçirmegi teklip edýär. “Şeýle ädim ýewraziýa integrasiýasyny berkitmäge ýardam eder” – diýip, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýew Soçide Arkalaşygyň we EAEU-nyň ýaşlary bilen geçirilen duşuşykda aýtdy. Bu barada Gyrgyzystanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Gyrgyzystanyň hökümetiniň metbugat gullugy Kasymaliýewiň: - “Ykjam we işjeň jemgyýetçilik güýji hökmünde ýurtlarymyzyň ýaşlaryna bu günki günde uly ynam bildirilýär. Siz Ýewraziýa giňişliginde integrasiýa prosesleriniň üpjünçisi bolmaly. GDA- nyň Ýerine ýetiriji komitetine we Ýewraziýa ykdysady komissiýasyna geljek ýyl GDA we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine (EAEU) agza ýurtlaryň ýaş telekeçiler forumyny guramak meselesine garamagy teklip edýärin" – diýen sözlerini getirýär.

Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Gyrgyzystanyň başlangyjy bilen geçen ýyl Issyk-Kul oblastynyň Çolpon-Ata şäherinde GDA we EAEU ýurtlarynyň ilkinji ýaşlar forumynyň geçirilendigini ýatlatdy. Ol GDA we EAEU ýurtlarynyň häzirki Soçide geçiriljek ikinji ýaşlar forumynyň işiniň netijesiniň “dogan ýurtlaryň zehinli ýaşlarynyň ýewraziýa giňişliginde integrasiýa proseslerini çuňlaşdyrmak boýunça täze başlangyçlary” boljakdygyna ynam bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026