GDA we Ýewraziýa bileleşigine agza döwletleriň ýaş işewürleriniň forumyny döretmek teklip edilýär


Gyrgyzystan indiki ýyl GDA we Ýewraziýa bileleşigine agza döwletleriň ýaş işewürleriniň we biznes ideýasyny öňe sürüjileriň forumyny geçirmegi öňe sürýär. Bu barada "Ýewraziýa" internet neşiri Gyrgyz Respublikasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Adylbek Kasymalyýewiň sözlerine salgylanyp habar berýär.
Onuň sözlerine görä, ýaşlar häzirki zaman jemgyýetiniň iň işjeň we ykjam gatlagy bolup durýar. Şundan ugur alyp, ýurtlar Ýewraziýa giňişliginde halkara arabaglanyşygy üpjün edijiler bolmalydyr.
Gyrgyz Respublikasy bu baradaky teklibi geçen ýyl hem öňe sürüpdi. Teklip edilişine görä, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna we Ýewraziýa ykdysady bileleşigine agza döwletleriň ýaşlar forumy ýaş hünärmenleriň her ýylda geçirýän özara dialogyny öz içine almaly.
Ýakynda Ýewraziýa ykdysady komissiýasynda Ýewraziýa giňişliginde ýaş hünärmenleri taýýarlamagy we ýaş işewürlere hukuk we guramaçylyk kömegini berýän Ýewropa ülňülerine kybapdaş ulgamy döretmek öňe sürüldi.








