HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: tebigy gazdan alnan awtoulag benzininiň 10 müň tonnasy eksport edildi

Iýun 12, 2023 | 10:30 |5998
Şenbe güni, 10-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda ECO-93 kysymly awtoulag benzininiň 10 müň tonnasyny eksport etmek boýunça geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Şenbe güni, 10-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda ECO-93 kysymly awtoulag benzininiň 10 müň tonnasyny eksport etmek boýunça geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Şenbe güni, 10-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda ECO-93 kysymly awtoulag benzininiň 10 müň tonnasyny eksport etmek boýunça geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Owganystandan gelen telekeçi Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň zawodynda öndürilen ýangyjyň her tonnasyna $645 amerikan dollaryny teklip etdi.

Geleşigiň jemi bahasy $6,4 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026