Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti bilim ministrleriniň Kazandaky halkara forumyna gatnaşýar

Iýun 09, 2023 | 14:00 |8950
Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Aleksandr Amanowyň baştutanlygynda Russiýanyň Kazan şäherinde geçirilýän «Geljegi döredip» atly bilim ministrleriniň halkara forumyna gatnaşýar.Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Aleksandr Amanowyň baştutanlygynda Russiýanyň Kazan şäherinde geçirilýän «Geljegi döredip» atly bilim ministrleriniň halkara forumyna gatnaşýar.
Çeşme: Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy tarapyndan berildi (Kazan ş.)

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Aleksandr Amanowyň baştutanlygynda Russiýanyň Kazan şäherinde geçirilýän «Geljegi döredip» atly bilim ministrleriniň halkara forumyna gatnaşýar.

Türkmen wekiliýeti bilim ministrleriniň köptaraplaýyn duşuşygynyň gatnaşyjysy boldy, Kazandaky Polilingiwal toplumyndaky «Adymnar — bilimlere we ylalaşyga ýol» ýöriteleşdirilen okuw mekdebindäki okuw prosessi bilen tanyşdy. Türkmenistanyň bilim pudagynyň wekilleri RF-nyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary we Russiýanyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar.

Açylyşy Başir Rameýew adyndaky IT-parkda bolup geçen Forum 20-den gowrak ýurduň bilim ministrlerini ýygnady. Olaryň arasynda — BAE, Müsür, Senegal, Mali, Zimbabwe, MAR, Siriýa Arap Respublikasy, Pakistan, Mýanma, Şri-Lanka, Kuba, Wenesuela, Belarus, Gyrgyzystan, Täjigistan we Gazagystan bar.

Forumyň gatnaşyjylaryna wideoşekilli ýüzlenme bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin çykyş etdi.

Mejlisiň gün tertibine bilimiň ykdysadyýetiň ösüşinde eýeleýän orny, hilli bilimiň elýeterliligi, okatmagyň täze usulyýetleri, mümkinçiligi çäklendirilen ýaşlar we çagalar bilen işlemek, çagalaryň dynç alşynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy girizildi.

Şeýle hem forumyň çäklerinde ýöriteleşdirilen sergi boldy, onda okuw we usulyýet gollanmalary, ders iş otaglary, barlaghana we hünärden öňürti synp otaglary üçin enjamlar görkezildi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

15:15 Iýul 31, 2026
Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

14:45 Iýul 31, 2026
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026