HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Mikroshemalaryň topologiýasyna aýratyn hukuk Türkmenistanda 10 ýyla çenli kemeldildi

Iýun 08, 2023 | 12:38 |12070
Indi Türkmenistanda integral mikroshemalaryň topologiýasyna aýratyn hukuk 10 ýyla deňdir, bu hem halkara hukuk ölçeglerine gabat gelýär.Indi Türkmenistanda integral mikroshemalaryň topologiýasyna aýratyn hukuk 10 ýyla deňdir, bu hem halkara hukuk ölçeglerine gabat gelýär.
Çeşme: pixabay.com

Indi Türkmenistanda integral mikroshemalaryň topologiýasyna aýratyn hukuk 10 ýyla deňdir, bu hem halkara hukuk ölçeglerine gabat gelýär.

Integral mikroshemalaryň topologiýasy – bu material göterijidäki biri-biri bilen özara baglanyşykly mikroshemalaryň elementleridir (kompýuterlerdäki, noutbuklardaky, hasaplaýjy gurluşlardaky we ş.m.).

Täze düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen kanundan gelip çykýar – diýip, TDH habar berýär.

Täze kanunçylyk taslamasynyň teksti şu gün resmi türkmen metbugatynda çap edildi.

Integral mikroshemalaryň hukuk goraglylygyny amala aşyrmaga niýetlenilen resminama laýyklykda ondan öňki şuňa meňzeş 1994-nji ýylda kabul edilen kanun öz güýjüni ýitirdi. Ozal ýurtda mikroshemalaryň topologiýasyna aýratyn hukuga ony dörediji öz ömrüniň dowamynda we ölüminden soňra 50 ýylyň dowamynda eýe bolýardy.

Täze kanunda indi şeýle hukugyň topologiýa döredilenden soňra 10 ýyla deň boljakdygy aýdylýar. Möhleti gutarandan soňra topologiýa jemgyýetçilik eýeçiligine geçýär we ondan hemmeler erkin peýdalanyp bilýärler. Şeýle ýagdaý dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda ABŞ-da, Russiýada, Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda göz öňüne tutulandyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026