HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy

Iýun 01, 2023 | 11:02 |7425
Ýerewandaky Aram Haçaturýan adyndaky konsert zalynda Türkmenistanyň Ermenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy – diýip, ýurtdaky türkmen ilçihanasy habar berýär. Dabara medeniýet we sungat işgärleri, taryhçylar, sungaty öwrenijiler, şeýle hem KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.Ýerewandaky Aram Haçaturýan adyndaky konsert zalynda Türkmenistanyň Ermenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy – diýip, ýurtdaky türkmen ilçihanasy habar berýär. Dabara medeniýet we sungat işgärleri, taryhçylar, sungaty öwrenijiler, şeýle hem KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Çeşme: instagram.com / @turkmenistan.embassy.yerevan

Ýerewandaky Aram Haçaturýan adyndaky konsert zalynda Türkmenistanyň Ermenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy – diýip, ýurtdaky türkmen ilçihanasy habar berýär. Dabara medeniýet we sungat işgärleri, taryhçylar, sungaty öwrenijiler, şeýle hem KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Birinji güni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar institutynyň işgärleri dünýädäki iň uly muzeýleriň birine – Ýerewandaky Mesrop Maştoş adyndaky gadymy golýazmalaryň saklanýan merkezine baryp gördüler. Onda 17 müňden gowrak golýazma we gadymy resminamalaryň 100 müňden gowragy saklanýar. Muzeý Ermenistanyň iri ylmy-barlag institutlarynyň biridir.

Öz gezeginde, türkmen sazandalary Ermenistanyň jemgyýetçilik telewideniýesiniň «Ertiriňiz haýyrly bolsun» programmasyna gatnaşdylar we ermeni tomaşaçylarynyň öňünde konsert bilen çykyş etdiler.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň we Ermenistanyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy boldy, onuň netijesinde iki ýurduň hökümetleriniň arasynda 2023-2025-nji ýyllarda medeniýet babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyda Ylalaşyga gol çekildi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026