HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: daşary ýurtly işewürler STG we dokma önümlerine gyzyklanma bildirdi

Iýun 08, 2023 | 14:46 |4348
Çarşenbe güni, 7-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $3,6 mln amerikan dollaryna we 687,5 müň türkmen manadyna deň bolan 10 geleşik baglaşyldy – ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Çarşenbe güni, 7-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $3,6 mln amerikan dollaryna we 687,5 müň türkmen manadyna deň bolan 10 geleşik baglaşyldy – ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Çarşenbe güni, 7-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $3,6 mln amerikan dollaryna we 687,5 müň türkmen manadyna deň bolan 10 geleşik baglaşyldy – ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Owganystandan gelen telekeçiler suwuklandyrylan gazyň 5 müň tonnasyny satyn aldylar, önümiň her tonnasyna $319,80 amerikan dollary baha berdiler. Geleşikleriň jemi bahasy $1,5 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Gyrgyzystandan gelen işewürler 127 müň kg tüýjümek önümleriniň dürli görnüşlerini $579,80 amerikan dollaryna satyn aldylar.

BAE-den we Gyrgyzystandan gelen kompaniýalar 547,6 müň kg nah ýüplügi $1 mln amerikan dollaryndan gowraga satyn aldylar.

Hytaýyň işewür toparlarynyň wekilleri flanel matanyň 240 müň inedördül metrini $59,6 müň amerikan dollaryna we ýorgan-düşek daşlyklaryň 34,1 müň toplumyny $285,7 müň amerikan dollaryna satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli telekeçi bugdaý ýarmasynyň 250 tonnasyny 687,5 müň manada satyn aldy.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

04:00 Oktýabr 28, 2026
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026