Türkmenistan we Pakistan bilelikdäki energiýa taslamalaryny öňe sürmek meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar


Türkmenistanyň wekiliýeti 7-nji iýunda çarşenbe güni TOPH gaz geçiriji taslamasynyň we TOP elektrik geçiriji liniýasynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak üçin iki günlük sapar bilen Yslamabada geldi.
Şol gün Türkmenistanyň Döwlet ministri – «Türkmengaz» konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň we ýurdumyzyň Energetika ministriniň orunbasary Annageldi Saparowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň Federal energetika ministri Hurram Dastgir Hanyň we döwlet energetika ministri Musadik Maligiň baştutanlygyndaky Pakistanyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar energiýa pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpsanly meselesini, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan- Päkistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň we Türkmenistan- Owganystan-Päkistan (TOP) elektrik liniýasynyň we optiki-süýüm aragatnaşyk liniýasynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar TOPH taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde möhüm öňegidişlikleriň gazanylandygy barada ylalaşdylar. TOPH gaz geçirijisiniň «Galkynyş» käninden türkmen-owgan serhedine çenli uzynlygy 214 km bolan türkmen böleginiň gurluşygy tamamlandy.
TOPH gaz geçirijisi diňe bir gaz geçirijini we onuň desgalaryny elektrik bilen üpjün etmän, eýsem ýaşaýyş we senagat isleglerini kanagatlandyrmakda, şeýle hem Pakistanda elektrik energiýasyna bolan çykdajylary azaltmakda möhüm rol oýnaýanTOP elektrik geçiriji liniýasyna parallel çekiler.
Päkistan tarapy ýurduň hökümetiniň TOPH we TOP taslamalaryny doly goldaýandygyny, sebäbi olaryň sebitdäki durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösüşi we Pakistanda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm faktordygyny aýtdy.
Taraplar bilelikdäki energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistan bilen Pakistanyň tehniki iş toparlarynyň arasynda yzygiderli aragatnaşyk saklamagy ylalaşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana sapary dowam edýär.
ORIENT news








