HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda senagatda ulanmak üçin dermanlyk ösümlikleriň mümkinçiliklerini barlarlar

Iýun 07, 2023 | 11:25 |11379
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen alymlary tarapyndan  ýurduň dermanlyk ösümliklerini senagatda ulanmak babatynda barlaglaryň alnyp barylmagynyň we bu ugurda degişli halkara tender-bäsleşikleriniň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny beýan etdi.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen alymlary tarapyndan  ýurduň dermanlyk ösümliklerini senagatda ulanmak babatynda barlaglaryň alnyp barylmagynyň we bu ugurda degişli halkara tender-bäsleşikleriniň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny beýan etdi.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen alymlary tarapyndan ýurduň dermanlyk ösümliklerini senagatda ulanmak babatynda barlaglaryň alnyp barylmagynyň we bu ugurda degişli halkara tender-bäsleşikleriniň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny beýan etdi.

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň baştutany bu temany Arkadag şäherini ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatynyň barşynda galdyrdy, onuň ikinji tapgyrynyň gurluşygy esasan ýerli senagat kuwwatlyklaryny ösdürmäge gönükdiriler – diýip, TDH habar berýär.

Döwrebap önümçilikleri gurmak boýunça meýilnamalary ýerine ýetirmekde ikinji tapgyra uly umyt bildirilýär, şol önümçilikler diňe bir içerki bazaryň däl, eýsem daşary ýurt bazarlarynyň hem islegini kanagatlandyrar. Şeýle hem iş maslahatynda döwrebap lukmançylyk edaralarynyň döredilmegi hakynda hem aýdyldy.

Lukmançylyk temasyna degip geçmek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini galdyrdy. Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde senagat infrastrukturasyny döretmek boýunça halkara tenderiniň yglan edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026