Samsung Galaxy Unpacked çäresindäki indiki tanyşdyrylyş eplenýän gurluşlara bagyşlanar


Smartfonlary we elektronikany öndüriji Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy iýul aýynyň ahyrynda Galaxy Unpacked çäresiniň nobatdaky onlaýn-prezentasiýasyny geçirer we ony çeýe ekranly eplenýän gurluşlara bagyşlar – diýip, 3dnews ýazýar.
Samsung tarapyndan köpçülige Galaxy Z Fold 5 we Galaxy Z Flip 5 smartfonlaryň görkezilmegine garaşylýar. Fanatlara şeýle hem «akylly» sagatlaryň we simsiz gulaklyklaryň täze nesli garaşýar.
Prezentasiýanyň onlaýn-alnyp görkezilişi Seuldan alnyp barlar. Samsung kompaniýasynda bu tanyşdyrylyşyň eplenýän gurluşlaryň kategoriýasynyň ösdürilmegi üçin uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtadylar.
Samsung Galaxy Unpacked çäresiniň nobatdakysynyň geçirilýändigi baradaky bildiriş Apple-iň işläp düzüjiler üçin Bütindünýä maslahatynda öz täze önümlerini görkezenden soňra şol bada diýen ýaly peýda boldy. Olaryň arasynda hakykylyk bilen üsti ýetirilen Vision Pro garniturasy, iOS 17 we kompýuterleriň täze wersiýalary bar.
ORIENT habarlar








