HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ylymlar gününiň öňüsyrasynda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde maslahat geçirildi

Iýun 07, 2023 | 14:59 |7015
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ylymlar gününiň öňüsyrasynda «Halkara nebitgaz pudagynda türkmen ylmynyň orny» atly maslahat geçirildi.Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ylymlar gününiň öňüsyrasynda «Halkara nebitgaz pudagynda türkmen ylmynyň orny» atly maslahat geçirildi.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ylymlar gününiň öňüsyrasynda «Halkara nebitgaz pudagynda türkmen ylmynyň orny» atly maslahat geçirildi.

Çärä ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Wideoşekilli aragatnaşyk arkaly seminara uniwersitetiň Balkan welaýatyndaky şahamçasynyň diňleýjileri we lektorlary hem birikdiler.

Maslahatyň barşynda türkmen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary özleriniň bilim edaralarynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri barada, şeýle hem ylmyň dürli ugurlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynyň geljegi barada gürrüň berdiler.

Çykyş edenler ýurtda ylmy barlaglaryň esasyny pugtalandyrmak we öňdebaryjy tehnologiýalaryň we fundamental nazaryýet ylymlarynyň esasynda sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny bellediler.

Şol bir wagtda döredijilikli oýlap tapyşy bilen tapawutlanýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga we zehinli ýaşlaryň ylyma höweslendirilmegi üçin giň gerimli işler gönükdirilendir.

Ylmy babatda üstünlikli işleriň mysallarynyň biri hökmünde Ýagşygeldi Кakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti çykyş etdi, ol ýerde 2023-nji ýylyň fewralynda ilkinji gezek «Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçirildi.

Bu uniwersitetiň professorlary we talyplary özleriniň barlag we taslama işleri barada ylmy makalalary yzygiderli çap edýärler. 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan maý aýyna çenli ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary tarapyndan ýazylan 240-dan gowrak material ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky žurnallarda çep edildi.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026