HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Hindistanda bolup geçen otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi

Iýun 04, 2023 | 21:56 |7343
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň
Prezidenti Draupadi Murmuwa we Premýer-ministri Narendra Modä Odişa ştatynda
bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly otly
heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň
Prezidenti Draupadi Murmuwa we Premýer-ministri Narendra Modä Odişa ştatynda
bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly otly
heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Çeşme: AP Photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa we Premýer-ministri Narendra Modä Odişa ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Hindi demirýollary ulgamynyň ýolbaşçylarynyň berýän maglumatyna görä, ýük otlusy bilen çaknyşmagy zerarly, Kalkuttadan Çennaýa barýan ýolagçy otlusynyň birnäçe wagony ýoldan çykyp, garşylykly ugurdaky ýola ýykylypdyr. Biraz wagtdan olar bilen başga bir ýolagçy otlusy çaknyşýar, netijede ýene-de birnäçe wagon ýoldan çykyp, berbat bolýar.

Soňky maglumatlar boýunça, heläkçilik zerarly 238 adam pida boldy, 900-den gowrak adam ýaralandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026